ABŞ-nyň žýurisi Manaforty maliýe galplyklarynda günäli tapdy
Şol bir wagtda, Trampyň uzak wagtlyk şahsy aklawçysy kampaniýanyň maliýeleşdirilmegi we beýleki jenaýat aýyplamalary bilen baglylykda günäsini boýun almaga razy boldy.
Olaryň ikisi hem prezident Donald Trampyň ýaranlary bilen Kremliň arasyndaky gatnaşyklary, şeýle-de Russiýanyň ABŞ-nyň 2016-njy ýyldaky saýlawlaryna gatyşdy diýilýän ýagdaýlary seljerýän, ýörite geňeşçi Robert Muelleriň alyp barýan derňewinde geçýär.
