Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Июнь
2018

Resmileriň wadasyna ynanyp Türkmenistana baran migrantlaryň ençemesi tussag edildi

0
Türkmenistanyň daşynda galyp, öz milli türkmen pasportlarynyň möhletini geçiren raýatlaryň ençemesi Türkmenistana barandan soň tussag edildi diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy gürrüň berýär. Onuň sözlerine görä, ýaňy-ýakynda şeýle wakalaryň 20-den gowragy ýüze çykypdyr, tussag edilenler türkmen häkimiýetleriniň möhletini geçiren raýatlaryň pasportlaryny täzeläp bermek wadasyna ynanyp, Türkiýeden baran türkmenistanlylar.


"Ýurduň daşynda köne pasportly galandygy üçin jokapkärçilige çekilmejegi barada berlen wadalardan soň Türkiýeden gaýdyp baran köp adam tussag edildi. Maňa şeýle wakalaryň 20-den gowragy barada gürrüň berdiler. Olaryň ählisiniň elinde köne görnüşli pasportlar bardy. Olar häzir derňew astynda", diýip habarçymyz habar berdi.       




Soňky aýlarda Türkmenistanyň dürli welaýatlarynda ýerli häkimiýetleriň guramaçylygynda ilat bilen ýörite duşuşyklar geçirilip, ýurduň daşyndaky raýatlary yzyna gaýtarmak boýunça olaryň garyndaşlaryna çagyryşlar edildi  we gaýdyp baranlaryň dokumentleriniň düzüw bolmagyk ýagdaýynda olaryň jogapkärçilige çekilmejegi wada berildi. 


Türkmenistanyň daşyna gazanjyň gözleginde giden türkmenistanlylaryň ençemesi ýurtda 10 ýyla golaý wagt mundan ozal täze dokument ýagny daşary ýurt pasporty girizeli bäri ýurduň daşynda pasportlaryny wagtynda  täzeläp bilmän bikanun ýagdaýda galýarlar. 


Azatlyk Radiosyna mälim bolşuna görä, häkimiýetler welaýatlarda geçirýän ýygnaklarynda köne pasportly raýatlaryň pasportlaryny üç hepdäniň içinde täzeläp bermegi wada berýärler, şeýle-de daşary ýurtlarda galyp, Türkmenistanyň Migrasiýa hakyndaky kanunyny bozan raýatlaryň jogapkärçilige çekilmejekdigini gaýtalaýarlar.


Habarçymyzyň 26-njy iýunda habar bermegine görä, şeýle wadalara ynanyp, Türkmenistana barandan soňra tussag edilenler dürli welaýatlaryň ýaşaýjylary, köpüsi lebaply we daşoguzly. 


"Gyzykly ýeri, olara şowhun turmaz ýaly aeroportda degmediler. Olaryň ählisini öz öýlerine baranlaryndan soň äkidipdirler" diýip, habaraçymyz belledi.




​Soňky ýylyň dowamynda türkmen häkimiýetleri ýurduň daşynda zähmet çekýän migrantlary yzyna gaýtarmak boýunça çäereleriň ençemesini amala aşyrdylar.


Mary we Lebap welaýatlaryndan eklenç üçin Türkiýä giden migrantlaryň birnäçesi özleriniň ýurtda galan ene-atasyna ýa-da çagalaryna daşary ýurt pasportuny bermän başlandyklaryny we bu işiň ýerli häkimiýetlere "migrantlary yzyna dolaň" diýlen "ýokardan berlen buýruk esasynda" amala aşyrylýandygyny Azatlyk Radiosyna habar beripdi.


Mundan öň migrantlary ýurduň daşyna çykarmazlyk boýunça çäreleriň eçemesi görülipdi. Aşgabadyň halkara aeroportunda türkmen raýatlarynyň uçardan düşürilmegine degişli ýüze çykýan ýagdaýlar barada yzly-yzyna habar berilýär. Käbir halatlarda raýatlar häkimiýetleriň hereketlerine garşylyk bildirýär, şeýle-de dürli heläkçilikli wakalar ýüze çykýar. 




Azatlyk Radiosyna 12-nji iýunda mälim bolan ýagdaýlaryň birinde üç gezek Türkiýä gitmäge synanyşan, emma olaryň hiç birinde-de uçara goýberilmedik daşoguzly adam öz janyna kast edipdir.


Maý aýynyň aýagynda Aşgabadyň halkara aeroportynda Türkiýä goýberilmedik aýal maşgalanyň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşyp, soňy bilen aradan çykandygyny, Azatlyk Radiosynyň biri-biriden habarsyz ençeme çeşmesi habar berdi.


Türkmen hökümeti gazanjyň gözleginde ýurduň daşyna gidýän raýatlaryň sany barada resmi sanlary çap etmeýär. Daşary ýurt hökümetleriň berýän käbir sanlaryna görä, Türkmenistandan zähmet migrasiýasynyň akymy gitdigiçe artýar. Türkiýede 2016-2017-nji ýyllarda 25 müň çemesi türkmenistanlynyň ýaşamaga resmi rugsat alandygy habar berilýär. Ondan ozalky sanlarda ýutda azyndan 200 müň çemesi türkmenistanlynyň ýaşaýandygy, aglaba köpüsiniň ýurtda bikanun bolýandygy habar berlipdi. 


Türkmenistanly migrantlaryň sany Orsýetde hem köpelýär. 2017-nji ýylda Orsýetiň diňe bir regionynda Wolgogradda Türkmenistandan göçüp baranlaryň sany ozalky ýyldan 81% ýokarlanypdyr.


Soňky döwürde türkmenistanlylar Özbegistana, Gazagystana, Azerbaýjana has köp gidip başladylar.  





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net