Gyrgyzystanyň öňki hökümet baştutanlarynyň ýene biri korrupsiýa bilen ilteşiklli tussag edildi
Gyrgyzystanyň häkimiýetleri ýurduň öňki hökümet baştutanlarynyň ýene birini korrupsiýa bilen bagly aýyplamalaryň esasynda tussag etdiler.
Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komiteti Jantoro Satybaldiýewiň 18-nji iýunda tussaghana salnandygyny mälim etdi.
Öňki prezident Almazbek Atambaýewiň goly astynda 2012-2014-nji ýyllarda gyrgyz hökümetine baştutanlyk eden Satybaldiýew Bişkekdäki energiýa kärhanasyny täzelemek işlerinde para almak aýyplamasy bilen ilteşikli tussag edildi.
Bu iş bilen baglylykda 5-nji iýunda premýer-ministr Sapar Ishakow, Bişkegiň öňki häkimi Kubanyçbek Kulmatow we öňki energiýa ministri Osmonbek Artykbaýew tussag edildi.
2017-nji ýylyň awgust aýynda Atambaýew tarapyndan bellenen Ishakow aprel aýynda saýlawlaryň netijesinde öz hökümetiniň dargamagyndan soň wezipesinden mahrum bolupdy.