Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli 611 tussagyň günäsi geçildi
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji iýunda “Mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli iş kesilen 611 raýatyň günäsini geçmek hakyndaky permana gol çekdi” diýip, TDH habar berýär.
Permana laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy.
Ýurtda bellenilýän uly baýramçylyklara gabat geçirilýän ozalky günä geçişlerde bolşy ýaly, döwlet baştutany bu gezegem günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmegi tabşyrdy.
Türkmenistan sebitde ilatynyň jan başyna iň kän tussagly ýurtlaryň biri hasaplanylýar we ýylda müňlerçe tussagyň günäsini geçip, türmelerdäki tussaglaryň sanyny azaltmak ýurt garaşsyzlygynyň başky ýyllarynda, işsizligiň artmagy, neşe bilen bagly jenaýatlaryň aşa köpelmegi bilen başlandy.
Bellemeli ýeri, S.Nyýazow döwründe gadyr gijesine gabat günäsi geçilýän tussaglaryň sany has kän bolup, käte 8-9 müňe hem baryp ýeterdi.
Geçen ýyl Türkmenistanda Gadyr gijesine gabat 3.362 tussagyň günäsi geçildi.