Putin: Orsýetiň Ýewropa Bileleşigini bölmek niýeti ýok
Putin Awstriýanyň prezidenti Aleksandr Wan der Bellen we kansler Sebastian Kurz bilen gepleşikleri geçirmek üçin 5-nji iýunda Wena bardy.
Bu sapar, Orsýetiň Ukrainadaky agressiýasy, Siriýa konfliktindäki roly, Britaniýada öňki rus içalysynyň we gyzynyň zäherlenmegi we beýleki meseleler bilen baglanyşykly Moskwa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň dartgynlaşan mahaly amala aşýar.
Putin Wena edýän saparyndan bir gün öň, Ýewropa Bileleşiginiň “birleşen bolmagyny we gülläp ösmegini” isleýändigini aýtdy.
“Biz Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmalydyrys. Biziň Ýewropa Bileleşigini bölmek niýetimiz ýok” diýip, Putin belledi.
