Eýranda bolan ýertitremede azyndan bäş adam öldi
Demirgazyk Eýranda bolan güýçli ýer titremesinde azyndan bäş adam öldi, onlarça adam ýaralandy Demirgazyk Eýranda, gündogar Azerbaýjan welaýatynda bolan 5.9 magnitýudly ýer titremesinde azyndan bäş adam öldi diýip, döwlet eýeçiligindäki media habar berdi. Ýer 8-nji noýabrda, ir sagat 2:17-de yrandy. Irden peýda bolan maglumatlara görä, ýer yranmasy netijesinde azyndan 120 adam ýaralandy. Bu sebitiň häkimiýetleri agyr ýagýan ýagyş-ýagmyryň halas ediş işlerini bökdeýändigini aýtdylar we detallar aýdyň bolman galýar. Читать дальше...
