Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Октябрь
2025
1 2 3
4
5
6 7 8 9 10
11
12
13 14 15 16 17
18
19
20 21 22 23 24
25
26
27 28 29 30 31

Balkanda bolan ýol hadysalarynda iki adam öldi we başga-da azyndan 18 sanysy ýaralandy

0
Balkan welaýatynda geçen hepdäniň dowamynda azyndan iki ýol hadysasy boldy. Hepdäniň ilkinji we soňky günlerinde bolan hadysalarda iki adam öldi we başga-da azyndan 18 adam ýaralandy. Bu wakalar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 6-njy oktýabrda sebitden maglumat berdi.
“5-nji oktýabrda Gyzylarbat bilen Bereket etraplarynyň arasynda “Toyota Hiace” kysymly minibus ýoldan çykyp, köçe-ýol hadysasyna uçrady. Minibusdaky 15 adamyň kiçi ýaralanmalaryna getiren wakada ölüm-ýitim bolmady” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanly polisiýa işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Mundan başga-da, 29-njy sentýabrda Aşgabatdan Balkanabada ugran ýeňil awtoulag Gumdag şäheriniň golaýynda, öňünden düýeleriň çykmagy netijesinde, ýol heläkçiligine uçrady.
“Aşa ýokary tizlikde gelýän ulagyň sürüjisi we öňünde oturan ýolagçy wakanyň bolan ýerinde jan berdi. Ulagyň yzynda oturan üç ýolagçy bolsa, orta derejeli şikeslenmeler bilen hassahana ýerleşdirildi” diýip, ýagdaýlardan habarly ýene bir balkanly polisiýa işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Ol ulagyň tizlik görkeziji enjamynyň onuň ýol hadysasyna uçran pursadyndaky tizlik sanynda saklanyp galýandygyny hem belläp, şeýle diýýär:
“Gumdagyň golaýynda heläkçilige uçran ulagyň “spedometri” onuň sagatda 170 kilometr tizlik bilen barýandygyny görkezýärdi”.
Azatlyk Radiosy bu ýol hadysalary barada sebitiň Polisiýa müdirliginden, şeýle-de ýol gözegçilik polisiýasynyň wekillerinden resmi teswir alyp bilmedi.
Polisiýa işgärleri sebitde ýokary tizlikde barýan ulaglaryň ýol hadysasyna uçramagy bilen bagly wakalaryň her aýda 10-a golaýynyň bolýandygyny aýdýarlar.
“Hatda geçen aýda köçe ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanýan “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk geçirilen bolsa-da, ýol hadysalarynyň sany azalmady” diýip, polisiýa işgäri belledi.
Türkmenistanda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy ýurtda bolýan ýol-ulag hadysalary barada hasabat bermeýär. Içeri işler ministrligi hem, ýol heläkçilikleri baradaky statistikany çap etmeýär. Döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri hem ýol hadysalaryny agzamaýar.
Ýöne Azatlygyň habarçylary adam pidalaryna getirýän köçe-ýol, şeýle-de otly hadysalary barada yzygiderli habar berýärler.
Geçen aý Türkmenabat şäherindäki habarçymyz Mary we Lebap welaýatlaryny birleşdirýän demirýolda ýük daşaýan iki sany otlynyň çaknyşmagy netijesinde demirýol hadysasynyň ýüze çykandygyny, ýöne wakada adam pidasynyň bolmandygyny habar berdi.
1-nji sentýabrda irden Balkanabat şäherindäki 25-nji orta mekdebiň golaýynda ýokary tizlikde barýan bir ýeňil awtoulag ýol hadysasyna uçrap, kiçi ýaşly iki mekdep okuwçysyny kakdy. Wakada mekdep okuwçylary agyr şikeslendi.
Türkmenistanda ýol-ulag hadysalaryna, ýol polisiýasyndaky çeşmelerimiziň we türkmenistanlylaryň ençemesiniň tassyklamagyna görä, köplenç çukanakly ýollar, awtoulagyň ýokary tizlikde ýa-da içgili dolandyrylmagy ýaly ýagdaýlar sebäp bolýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net