Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Январь
2025
1
2 3
4
5 6 7 8 9 10
11
12
13 14 15 16 17
18
19
20 21 22 23 24 25
26
27 28 29 30 31

Lebaply ene-atalar mekdeplerde özlerinden açyk para soralmagyndan nägile bolýar

0
Türkmenabat şäherindäki käbir orta mekdepleriň mugallymlarynyň gurply hojalyklaryň çagalarynyň ene-atalaryndan açyk we yzygiderli para talap etmegi bilen bagly ýagdaýlar göz-görtele köpelýär diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar.


Ene-atalar bu ýagdaýlar barada ýerli bilim resmilerine eden ýüzlenmeleriniň oňyn netije bermändigini belläp, muny Azatlyk Radiosy arkaly ýurduň Bilim ministrligine eşitdirmek we bularyň öňüniň alynmagyny gazanmak isleýändiklerini aýdýarlar.


“Ýakynda bazarda söwda edýärkäm, 2-nji synpda okaýan oglumyň synp ýolbaşçysy maňa jaň edip, ‘ogluňyzyň ähli depderlerini we gündeliklerini hem özüm dolduraryn, gowy bahalary hem goýaryn. Her hepde bary ýogy 10 dollar berseňiz ýeter’ diýip, gorkman-utanman telefonda aýtdy. Men şok boldum” diýip, ogly şäheriň 26-njy mekdebinde okaýan türkmenabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.




Ol özüniň kiçi telekeçilik işleri bilen meşgullanýandygy sebäpli, oglunyň mugallymynyň onuň maşgalasyny gurply hasaplaýandygyna we şonuň üçin parany dollarda soraýandygyna ynanýandygyny hem belledi.


“Meniň çagamyň synp ýolbaşçysy menden hepdelik 100 manat [gara bazaryň kursy boýunça 5 dollar] sorady” diýip, şäher kazyýetinde işleýän bir ene anonimlik şertinde gürrüň berdi.


Ol mugallymyň paranyň öwezine çagasyna ‘aýratyn oňat’ çemeleşiljekdigini, gowy bahalaryň goýuljakdygyny, sapaklaryna we öý işlerine kömek ediljekdigini wada berendigini hem aýtdy.


Şuňa meňzeş ýagdaýlary başga-da onlarça lebaply ene-ata tassyklaýar.


Olar mekdeplerde para soralmagy bilen bagly ýagdaýlaryň geçen ýyllarda hem bolandygyny, ýöne häzirki ýaly aç-açan görnüşde bolmandygyny nygtaýarlar. Üstesine-de, olar geçen ýyllarda soralýan paranyň möçberiniň aýlyk 200 manatdan aşmandygyny hem belleýärler.


Ene-atalaryň köpüsi çagalarynyň kemsidilmeginden we basyşlara sezewar edilmeginden aladalanyp, para bermäge mejbur bolandyklaryny aýdýarlar.


Ýöne olar bu ýagdaýdan halys ýadandyklaryny we munuň maşgala býujetlerine barha köp agram salýandygyny belläp, bu ýagdaýy üýtgetmek üçin ýerli bilim resmilerinden birnäçe gezek kömek sorandyklaryny aýdýarlar.


“Mugallymlar mekdep müdirleri we okuw işler boýunça orunbasarlary tarapyndan goralýar. Olar döwletiň beýleki edaralarynda hem para talap edilýändigini aýdyp, mugallymlaryň para bolan islegleriniň ýerliklidigini nygtaýarlar” diýip, çagasy 3-nji mekdepde okaýan ene anonimlik şertinde gürrüň berdi.




Çagasy şäheriň 40-nji mekdebinde okaýan başga bir türkmenabatly ýaşaýjynyň sözlerine görä, mekdep müdiri oňa “hökümetiň berýän ujypsyz aýlygynyň hiç zada ýetmeýändigini we mugallymlaryň goşmaça gazanja mätäçdigini" aýdypdyr.


Şeýle-de, ene-atalar ýerli bilim bölümine hem ýüzlenendiklerini, ýöne oňyn netije alyp bilmändiklerini belleýärler.


Azatlyga bu ýagdaýlar barada şäheriň bilim bölüminden we agzalan mekdeplerden teswir almak başartmady.


Türkmenistanyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda parahorlugyň giňden ýaýrandygy, bilim işgärleriniň ene-atalardan dürli maksatlar üçin pul soraýandygy barada Azatlygyň habarçylary ýyllarboýy maglumat berip gelýärler.


Mundan ozal, habarçylarymyz käbir mugallymlaryň ene-atalardan çagalaryna ýokary baha goýulmagy, olaryň köpçülikleýin çärelerden boşadylmagy üçin para soraýandygyny hem ençeme gezek habar beripdiler.


Geçen ýylyň noýabrynda Mary welaýatyndaky habarçymyz Baýramaly etrabynyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärleri bilen bir hatarda, mekdep okuwçylaryndan her aýda haýyr-sahawat üçin 20 manat tabşyrmak talap edilýändigini aýtdy.


 


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net