Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Январь
2025
1
2 3
4
5 6 7 8 9 10
11
12
13 14 15 16 17
18
19
20 21 22 23 24 25
26
27 28 29 30 31

Maryda ilata arzan ýumurtga çäkli möçberde satylyp başlandy

0
Mary şäheriniň döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan ýumurtga çäkli möçberde satylyp başlandy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 15-nji ýanwarda sebitden maglumat berdi.


“Mary şäheriniň döwlet dükanlarynda ozal 1 manat 50 teňňeden ýa-da 2 manatdan bahalanan towuk ýumurtgasy häzir 1 manatdan satylyp başlandy. Ýöne dükan işgärleri adam başyna diňe 30 sany ýumurtga satýarlar” diýip, ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.


Arzan ýumurtganyň hyrydary köp bolup, dükanlaryň her biriniň öňünde nobata duranlaryň sany onlarça adama ýetýär. Ýöne dükan resmileri 14 ýaşyny doldurmadyk ýetginjeklere we çagalara ýumurtga satmagy ret edýärler.


“Dükan satyjylary 13-15 ýaş töweregindäki ýetginjeklerden dogluş hakyndaky şahadatnamasyny talap edýärler. Olaryň ýaşy 14-e ýetmedik bolsa, olara ýumurtga satmaýarlar” diýip, maryly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.




Bu çäklendirme, ýetginjekler we çagalar bilen bir hatarda, nobata duran uly ýaşly alyjylaryň arasynda hem nägilelik döredýär.


“Bu nähili talap? Çagalaryň, ýetginjekleriň agzy ýokmy? Belki, olaryň ene-atasy işdedir ýa-da hossarlary dükana ýöräp gelip, ýumurtga alyp bilmeýändir diýip, nobatda duran uly ýaşly alyjylar nägile bolýarlar” diýip, ýaşaýjy belledi.


Azatlyk bu ýagdaýlar, şeýle-de arzan ýumurtganyň satuwynyň näçe wagt dowam etjekdigi barada ýerli söwda edarasyndan teswir alyp bilmedi.


Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda ýumurtga, çörek, ösümlik ýagy, un we towuk eti ýaly ilatyň günübirin ulanýan esasy azyk önümleri arzan bahadan wagtal-wagtal satuwa çykarylýar. Ilata çäkli möçberde satylýan bu önümleriň üstünde käte dawa-jenjeller, ýakalaşyklar hem ýüze çykýar.


Ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň we azyk gymmatçylygynyň arasynda, köp hojalyk ýeňillikli bahadan satylýan harytlara garaşly bolup galýar.


Türkmen häkimiýetleri ýurtda azyk howpsuzlygyny we ilatyň bolelin durmuşyny üpjün etmek ugrunda netijeli işleriň edilendigini yzygiderli tekrarlaýar.


Ýöne döwlet dükanlaryndaky ýumurtga, çörek, un, ýag nobatlary we Türkmenistanyň azyk importy baradaky habarlar, ýurtda ilatyň azyk üpjünçiligi bilen bagly meseläniň saklanyp galýandygyny görkezýär.


Bellesek, 2024-nji ýylda Türkmenistan rus bugdaý ununy import edýän ýurtlaryň ilkinji üçlügine girdi. TASS habar gullugy Russiýanyň "Agroexport" federal merkezine salgylanyp, 10-njy ýanwarda habar berdi.


 


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net