Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Январь
2025
1
2 3
4
5 6 7 8 9 10
11
12
13 14 15 16 17
18
19
20 21 22 23 24 25
26
27 28 29 30 31

Aşgabatda ýaşaýjylaryň öýlerine çekilen WiFi hyzmatlary 1-nji ýanwardan bäri işlemeýär

0
Aşgabadyň köp etrapçasynda ilatyň öýlerine çekilen WiFi hyzmatynyň üpjünçiligi 1-nji ýanwarda kesildi. “Aşgabat şäher telefon ulgamy” (AŞTU) müşderilere berýän maglumatynda bir hepde bäri dowam edýän bökdençligi “tehniki näsazlyk” bilen düşündirýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 7-nji ýanwarda paýtagtdan maglumat berdi.


“Hojalyklaryň WiFi hyzmatynyň ýanwar aýy üçin töleglerini dekabr aýynda geçirendigine garamazdan, 1-nji ýanwarda köp etrapçadaky abonentleriň WiFi hyzmaty işlemesini bes etdi” diýip, aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.


Bu ýagdaýlara Köpetdag etrabyndaky Parahat 4 we 6 etrapçalarynda, Büzmeýin etrabyndaky we şäherindäki hususy ýaşaýyş jaýlarynda, Bagtyýarlyk etrabyndaky 30-njy etrapçada duş gelse bolýar.




Ýaşaýjylaryň ençemesiniň tassyklamagyna görä, olar bökdençlik barada AŞTU ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine yzygiderli ýüzlenýärler. AŞTU paýtagtyň çäklerinde hojalyklary WiFi ulgamy arkaly öý Interneti bilen üpjün edýän ýeke-täk kärhanadyr.


“Bir hepde bäri adamlar AŞTU-a jaň edýärler ýa-da onuň ýerli ofislerine gatnaýarlar. Olar ýanwar aýy üçin töleg geçirendikleri baradaky kwitansiýalaryny görkezip, WiFi hyzmatlarynyň dikeldilmegini talap edýärler” diýip, aşgabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde belledi.


Ýaşaýjylaryň arasynda kärhananyň ýolbaşçysynyň adyna arza ýazanlar hem bar. Bu arz-şikaýatlara garamazdan, kärhananyň hünärmenleri WiFi hyzmatlaryny dikeltmek işiniň birnäçe güne çekip biljekdigini aýdýarlar. Ýöne olar munuň anyk haçan dikeldiljekdigi barada takyk bir zat aýtmaýarlar.


“Hünärmenler Internetde ýüze çykan tehniki näsazlyk netijesinde, abonentler tarapyndan geçirilen tölegler anyklanýança, WiFi hyzmatynyň çäklendiriljekdigini düşündirýärler” diýip, aşgabatly ýaşaýjy belledi.


Azatlygyň AŞTU-nyň websaýtynda görkezilen telefon belgilerine jaň edip, bu ýagdaýlar barada teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.


Ýaşaýjylar “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň mobil Internet hyzmatlaryndan peýdalanyp, Internet zerurlyklaryny üpjün etmäge çalyşýarlar. Ýöne bu mümkinçilik ilatyň köp bölegine elýeterli bolmaýar.




“Mysal üçin, 20 manatlyk mobil Internet bukjasy 15 minudyň dowamynda gutarýar we täzeden bukja satyn almaly bolýar. Ýöne WiFi hyzmatynyň bir aýlyk tölegi bolsa, onuň tizligine görä, 150-600 manat aralygynda bolýar” diýip, aşgabatly ýaşaýjy belledi.


Habarçymyz ilatyň öý Internet üpjünçiliginiň kesilmegi bilen bagly ýagdaýlaryň mundan ozalky ýylllarda hem bolandygyny, ýöne häzirki ýaly köpçülikleýin we uzak möhletleýin bolmandygyny aýtdy.


“Öň müşderiler töleg geçirendikleri baradaky kwitansiýany görkezenden soň, olaryň WiFi hyzmaty dessine dikeldilýärdi” diýip, aşgabatly ýaşaýjy belledi.


Türkmen häkimiýetleri ilatyň Internet elýeterliligini çäklendirmekde ýyllarboýy tankyt edilýär. Halkara barlaglarda ýurtda ilata hödürlenilýän Internet aragatnaşygynyň tizliginiň örän pes galýandygy, bahasynyň aşa ýokarydygy aýdylýar.


Türkmenistanyň häkimiýetleri Internet ulgamyndaky dürli maglumat çeşmelerini, şol sanda garaşsyz habar serişdelerini we iri sosial torlary hem berk petik astynda saklaýar.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net