Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Февраль
2022

Bankomatlaryň öňünde ýene-de nobatlar emele gelip başlady

0
Aşgabadyň Atamyrat Nyýazow köçesiniň ugrunda, “Köpetdag” stadionynyň garşysynda ýerleşýän  “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň bankomatlarynyň öňünde ýene-de uly nobatlar emele gelip başlady. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 20-nji fewralda habar berdi.


Habarçymyza görä, häkimiýetler uly nobatlary ýaşyrmak üçin, pul nagtlaşdyrmak isleýän mähelleden bankyň arka tarapyndaky howlynyň öňünde garaşmagy talap edýär.




“Uly nobatlar ötegçiler görmez ýaly ýaşyrylýar. Müşderiler bankyň howlusynda nobata garaşmaly bolýar” diýip, bir paýtagtly ýaşaýjy habarçy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.


Türkmenistanda soňky birnäçe ýyl bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda Azatlyk Radiosy mundan ozal ýurduň dürli sebitlerindäki bankomatlaryň öňünde emele gelýän uly nobatlar barada habar berdi.


Türkmenistan, resmi habarlara görä, sanly maliýe ulgamlaryny ilatyň durmuşyna ornaşdyrmak maksady bilen soňky alty ýyldan gowrak wagt bäri zähmet haklaryny, döwlet kömek pullaryny we pensiýalaryny raýatlaryň bank kartlaryna geçirýär. Şol bir wagtda, döwlet metbugaty söwda nokatlarynda hem töleg terminallaryny ornaşdyrmak işleriniň üstünlikli alnyp barylýandygyny öňe sürýär.


Ýöne mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylary söwda nokatlarynda töleg terminallarynyň kadaly işlemeýändigi barada yzygiderli habar berip geldiler. Bankomatlaryň öňünde emele gelýän uly nobatlar hem, synçylara görä, ilatyň nagt pula bolan talabynyň ýokarydygyny, munuň bolsa, öz gezeginde ýurtda elektron töleg mümkinçileriniň çäklidigini görkezýändigini aýdýarlar.


Şäher ýerlerinde kaşaň söwda we dynç alyş merkezlerini bina edýän Türkmenistanyň ilaty esasan bazarlardan söwda edýär. Ýöne pandemiýanyň arasynda girizilen karantin çäklendirmeleri ilatyň bazarlardan söwda etmek mümkinçiligini çäklendirdi.




“Adamlar bankyň içine girýärler. Bankda adam ýok. Adamlar bankyň işigindäki nobatçy polisiýa ýüz tutýarlar. Polisiýa adamlara bankyň howlusynda nobata garaşmalydygyny aýdyp jogap berýär. Bankyň içindäki bankomatlar işlemeýär. Adamlar bankyň arka gapysynda nobata düzülýärler” diýip, paýtagtly ýaşaýjy Aşgabadyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň öňünde emele gelen nobatlary suratlandyrdy.


Azatlygyň habarçylary mundan ozal hatda talanýan bankomatlar, adamlaryň bank kartlaryny aldaw ýoly bilen ele geçirýän toparlar, gije-gündiz bankomatlaryň öňünde nobata garaşýan adamlar we pul nagtlaşdyrmak meselesiniň töweregindäki beýleki maglumatlar barada habar berdi.


Türkmenistanyň hökümeti ilatyň maliýe-ykdysady kynçylyklaryny, şol sanda ilatyň pul nagtlaşdyrmak bilen bagly kösençliklerini boýun almaýar. Döwlet mediasy ilatyň bolelin durmuşda ýaşaýandygyny öňe sürýär, ýöne raýatlaryň bankomat kösençliklerini agzamaýar.


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde eden çykyşynda özüniň prezident wezipesine girişmeginden bäri geçen 15 ýyl töweregi wagtyň dowamynda ilatyň aýlyk haklarynyň 360 göterim ýokarlanandygyny, pensiýalaryň bolsa 1000 göterimden gowrak ýokarlanandygyny aýtdy. Ýöne resmiler bankomatlaryň öňünde pul nagtlaşdyrmak üçin garaşýan adamlaryň köpçülikden ýaşyrylmagy, pul nagtlaşdyrmak bilen bagly kösençlikleri agzamaýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net