Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Декабрь
2020

Nädip 10 mln somluk transformatory 82 mln soma satyn aldylar?

0
Nädip 10 mln somluk transformatory 82 mln soma satyn aldylar?

Gyrgyzystanyň Oş oblastynda döwlete 73 mln som zyýan ýetirilendigi aýan edildi.

Bu ýerde gürrüň Keň-Saý massiwindäki gurluşyk hakda barýar. Maliýe serişdeleriniň hyýanatçylykly peýdalanylmagy bilen baglanyşykly başga-da iki waka şuňa meňzeş faktlar boýunça öň gozgalypdy. Bu indi üçünji iş.

4-nji dekabrda Ykdysady jenaýatlara garşy göreş gullugy (maliýe polisiýasy) Oş şäheriniň wezipeli ýolbaşçylary tarapyndan döwlet býujetine 73 million som möçberinde zyýan ýetirendigi güman edilýänlere garşy derňew işiniň başlandygyny habar berdi.

Edaranyň metbugat gullugynyň habaryna görä, gürrüň Keň-Saý massiwini elektrikleşdirmek taslamasy barada barýar, bu ýerde 10 million som bahasy bolan transformatorlar 82 million soma satyn alnypdyr.

Keň-Saý massiwini elektrik bilen üpjün etmek üçin, Oş oblastynyň Kapital gurluşyk edarasy bir hususy kompaniýa bilen 200 million somlyk şertnama gol çekişdi. Bu kompaniýa bolsa öz gezeginde 82 million som bahasy bolan iki sany transformatory üpjün etmek üçin, başga birini hakyna tutdy. Soňra aýan edilse, ol elektrik enjamy bary-ýogy 10 mln soma durýan eken.

Şol bir wagtyň özünde, soňky kompaniýanyň eýesi 13 million soma durýan ýol işini ýerine ýetirmedigi sebäpli tussag astyna alynmagy bilen tanalýan ýolbaşçy eken.

Oş oblastynyň Kapital gurluşyk edarasynyň başlygy Talantbek Eşpaýew Azatlyk bilen geçirilen söhbetdeşlikde, ýolbaşçylyk edýän edarasynyň häzirki ýagdaýda zyýan çekýän tarapdygyny aýtdy hem korrupsiýa bilen baglanyşykly düzgün bozulmalar barada düşündiriş berip bilmejekdigini mälim etdi:

‒ Derňew işinde aýyplamalaryň ygtybarlygyny anyklamak üçin, “serişdeler ogurlandy, korrupsiýa halkasy boýunça dildüwşük şertnamalary hem bar” diýilýäni öwrenilýärkä, men hiç zat aýdyp biljek däl. Bularyň ählisi men bu wezipä gelmezimden öň edilipdir – diýdi.

Hökümetler goşluşypmy?

Keň-Saý massiwiniň ýarysy Oş şäherine tabyn, beýleki ýarysy Oş oblastynyň ýolbaşçylarynyň ygtyýarynda. Ol ýerde infrastrukturany we amatly şertleri döretmek üçin, Oş we Jalal-Abad şäherlerini dikeltmek baradaky direktiw gurama, şeýle hem Oş oblastynyň Kapital gurluşyklar edarasyna maliýe serişdesi bölünip berlipdi.

Bu ýerde gurluşyk işleri 2011-nji ýylda başlanypdy, o wagtlar regionyň gubernatory Sooronbaý Žeenbekowdy.

Jemgyýetçilik işgäri hem bilermen Abdyžapar Akkulowyň pikirine görä, şol wagtky häkimiýetler býujetden bölünip berlen serişdeleriň paýlanyşyna, onuň sarp edilişine gönüden-göni täsir edipdirler, ýagny päsgel beripdirler:

‒ Häkimiýet başyndaky adamlar – gubernator bolsun ýa-da häkim – işi öz islegleri boýunça gurapdyrlar. Bularyň hemmesi, men açyk aýdyp bilerin, şeýle ýolbaşçylar potratçynyň kim boljakdygyny, tenderde kimiň ýeňjekdigini, kime işiň buýruljakdygyny özbaşdak kesgitleýän ýolbaşçylardyr. Nähili tender yglan edilse-de, ony korrupsiýadaky dolanyşygyň üstünden almaga hemişe mümkinçilik boljagyny hemmeler öňünden bilýärler, ondan goşmaça gazanç edip boljakdygyna-da düşünýärler.

2010-njy ýylda ýerli häkimiýetler özbaşdak ýer almak işlerini duruzmak maksady bilin Keň-Saý massiwinden, ýer böleklerini bölüp bermek kararyna geldiler. Netijede, 10 müňe golaý adam ol ýerden paý aldy. Ol ýerde infrastruktura döretmek üçin takmynan 10 milliard som gerek boljakdygy aýdyldy. Bu mukdardan ilki bilen 1 milliard som bölünip berildi, ýöne ol netijesiz sarp edildi.

Korrupsiýa aýsbergiň ýokarkyja bölegi

Erkin žurnalist Ydyrys Isakow Keň-Saý massiwindäki gurluşyk işleri barada wideoderňew geçirip, bu zonany ösdürmek üçin bölünip berlen serişdeleriň çägä suw giden ýaly ýok bolandygyny, şonuň üçinem bu meýdanda suwuň we elektrik energiýasynyň ýoklugy sebäpli “garynjalar bilen hazzyklardan başga janly-jandaryň ýaşamaýandygyny” aýtdy.

Ydyrys Isakowyň pikiriçe, onuň materiallarynda aýdylýan faktlar korrupsiýa aýsberginiň diňe bir ýokarkyja bölegi bolmaly.

‒  Derňew çynlakaý alnyp barylsa, elektrik üpjünçiligi bilen baglanyşykly düzgün bozulmalardan başga-da, massiwiň suw üpjünçiligi meselesinde-de köp galp işleri açyp bolardy. Şoňa meňzeş düzgün bozmalar hem harsal edilen işler köp bolsa gerek. Olar bölünen pullary almagy başarypdyrlar, ýöne ol serişde zerur işe harçlanmandyr, peýdaly edilen hiç bir iş ýok. Şol sebäpden, ol ýerde gözläp tapyp boljak köp düzgün bozmalar bar, ýene has köp zady aýdyňlaşdyryp bolardy – diýip, garaşsyz žurnalist aýdýar.

Bu aralykda, Keň-Saý massiwinden ýer alan müňlerçe graždan zerur bolan hukuk resminamalaryny we dokumentleri taýýar edýärler. Indi olar massiwe suw we elektrik togy baran badyna jaý gurmagyň umydynda. Adynyň tutulmazlygyny haýyş eden ýer eýelerinden biri, birnäçe ýyl ozal satyn alan paýynyň henizem boş durandygyny aýtdy:

‒ Bu ýere suw gelen badyna jaýyň düýbi üçin fundament guýup başlamagy maksat edýäris. Bu ýerde ýaşajaklaryň ählisi jaý gurmak üçin zerur gurluşyk materiallaryny, sementleri özbaşdak getirip başladylar. Ol işler üçin goýberilen puluň ogurlanandygyny eşidenimizde, biz oňa geň galmadyk. Bu meniň üçin täzelik däl – diýip, ol gürrüň berýär.

Galplyk işlerinde güman edilýänleriň hiç biri düşündiriş bermedi. Maliýe polisiýasy bolsa bu işde «beýleki jogapkär işgärleriň gatnaşygynyň barlanýandygyny» aýtdy.

Mundan ozal ol edara 13 million som mukdarda gurulmaly ýol işleriniň edilmändigini habar beripdi.

Mundan başga-da, Oş şäher prokuraturasy «Gyrgyzystan Tekstil LTD» edarasy üçin, Oş şäher Žapalak oba geňeşiniň Keň-Saý massiwinden bikanun ýer paýlanmagy bilen baglanyşykly deslapky kazyýet işine başlady. Şeýle-de bolsa, Oş şäheriniň häkimligi hem-de ol ýeri satyn alan telekeçi Nurbek Osmonow jenaýat işini açmak üçin hiç hili sebäbiň ýokdugyny aýtdylar.

Şeýlelikde, Keň-Saý massiwine degişli jemi üç jenaýat işi derňelýär.

Material Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин представил масштабную программу фестиваля "Пасхальный дар"


Спорт в России и мире
Москва

Юные керамисты школы №2120 выиграли три Гран-при конкурса «Мир дому твоему!»


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
WTA

Линетт сыграет против Соболенко во втором круге турнира WTA в Мадриде


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

В Москве прошел ливень «летней интенсивности»





Путин в России и мире
Москва

Париж решил показать, что такое ядерное сдерживание России по-французски


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Это - война: литовские беспилотники попытались атаковать Минск




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире

Навальный в России и мире
Москва

Продюсера Reuters арестовали за публикацию материалов на YouTube-канале «НавальныйLIVE»



Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Певец

Певец Андрей Губин дал интервью в маске и заявил, что стал очень плохо выглядеть



Москва

Звезда "Великолепного века" снова приехал в Россию

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net