Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Декабрь
2020

Gara bazarda dollaryň bahasy günsaýyn üýtgeýär. Telekeçileriň import harytlaryny ýurda girizmek wagtlaýynça togtadyldy

0
Gara bazarda dollaryň bahasy günsaýyn üýtgeýär. Telekeçileriň import harytlaryny ýurda girizmek wagtlaýynça togtadyldy

Golaýda Halkara Bitaraplyk gününi baýram eden Türkmenistanyň dürli regionlarynda Täze ýyl baýramynyň öňýany dollaryň bahasy yzygiderli peselip-beýgelýär. Lebapda adamlar ätiýaç üçin iýmit we derman önümlerini satyn alýarlar. Telekeçileriň daşary ýurtlardan import edýän harytlaryny ýurda girizmek wagtlaýynça togtadyldy. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 14-nji dekabrda habar berdi.

“Farapda dollar ýene 28 manatdan geçdi” diýip, bir faraply Azatlyk Radiosynyň habarçysyna anonim şertde gürrüň berdi.

Noýabryň ortalaryndan bäri ýurduň dürli künjeklerinde walýutanyň gara bazarynda dollaryň bahasy durnuksyz saklanýar.

Lebapda noýabryň ortalarynda 23 manat töwereklerinde bahalanan dollar bir hepde soň, 23-nji noýabrda 25,50-25,60 manada galdy.

Muňa aýakdaş, welaýatda azyk we hojalyk harytlarynyň hususy söwdadaky bahalary 10-15 % ýokarlandy.

Dekabryň başlarynda dollar 27,40 manada ýokarlandy.

4-nji dekabrda ýurduň tas ähli künjeklerinde, şol sanda paýtagt Aşgabatda onuň bahasy 28,60 manada çenli gymmatlady.

9-njy dekabra çenli ýurduň dürli regionlarynda 29 manada çenli ýokarlanan dollaryň bahasy, birden aşaklap başlady we Lebapda ol 25,80 manada çenli pese gaçdy.

Habarçynyň soňky maglumatlaryna görä, dollaryň gara bazardaky bahasy häzir Farapda ýene ýokarlanýar.

Türkmenistanyň Merkezi banky dollaryň resmi alyş-çalyş bahasyny 2015-nji ýyldan bäri 3,5 manatlygynda saklaýar.

“Türkmenistanyň hronikasy” 13-nji dekabrda dollaryň Aşgabatda 26 manat 80 teňňeden satyn alnyp, 27 manatdan satylýandygyny habar berdi.

Bu aralykda, Azatlygyň habarçysy telekeçileriň daşary ýurtlardan import edýän harytlaryny ýurda girizmegiň 2021-nji ýylyň 10-njy ýanwaryna çenli togtadylandygyny habar berýär. Resmiler munuň mümkin bolan sebäpleri barada düşündiriş bermeýärler.

Şol bir wagtyň özünde, ýurtda azyk harytlarynyň we beýleki önümleriň bahalary dollar bilen aýakdaş üýtgeýän mahaly, Lebapda adamlaryň satyn alyş meýilleri üýtgeýär. Habarçynyň maglumatlaryna görä, şu günler welaýat ýaşaýjylarynyň arasynda ýaramlylyk möhleti tiz gutarmaýan käbir azyk önümlerini hem-de dermanlary ätiýaç üçin artykmaç satyn almak meýilleri güýçlenýär.

“Lebapda adamlar ätiýaç üçin artykmaç dermanlary we möhleti tiz geçmeýän azyk önümlerini satyn alyp başladylar” diýip, bir lebaply Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, ätiýaç derman satyn alýan adamlar ORWI ýiti respirator keseline, dümewe hem-de aşgazan kesellerine garşy dermanlary köp satyn alýarlar.

“Şonuň üçin, Farap we Türkmenabadyň dermanhanalarynda gytçylyk emele geldi” diýip, beýleki bir lebaply Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Täze ýyla çenli dollardaky gymmatlaşygyň dowam etmegine garaşylýar” diýip, ýagdaýdan habarly adamlar Azatlyk Radiosynyň habarçysyna anonim şertde gürrüň berdiler.

Dekabryň başlarynda habarçy bilen atlandyrylmazlyk şertinde gürrüňdeş bolan walýutaçylar dollaryň gara bazardaky bahasynyň Täze ýyl baýramyna çenli 30-35 manada çenli ýokarlanmagyna garaşylýandygyny aýtdylar.

Şeýle-de, Azatlyga mälim bolan maglumatlara görä, ýerli telekeçileriň daşary ýurtlardan getiren ýa-da indi getirmeli harytlarynyň olara 10-njy ýanwardan soň beriljekdigi aýdylypdyr.

“Bu hem azyk harytlarynyň bahalaryna negatiw täsir ýetirýär” diýip, bir telekeçi aýtdy.

“Farapda ýönekeý adamlar täze ýyldan öň paýoklaryny alyp bilseler, uly baýram” diýip, bir faraply ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ol etrabyň bazarlarynda mandariniň 40 manat, iň arzan tortuň 80 manat gymmat bahasyny mysal getirip, aglaba faraplynyň gymmat önümleri satyn almaga maddy güýjüniň ýetmeýändigini aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň azyk önümleriniň gymmatçylygy we import harytlary ýurda girizmegiň 10-njy ýanwara çenli togtadylmagy barada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden kommentariýa almak synanyşygy netije bermedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин: С 28 апреля до 12 мая городские службы будут работать в усиленном режиме


Спорт в России и мире
Москва

Результаты забега на 5 км на Московском полумарафоне. Аплачкина и Голоктионов установили рекорды соревнований


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
WTA

Вероника Кудерметова завершила выступление на турнире WTA в Мадриде


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

В Москве в парке нашли труп мужчины





Путин в России и мире
Москва

Поведение Путина вызвало резонанс, потерянные в 90–е заводы возвращаются РФ


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Это - война: литовские беспилотники попытались атаковать Минск




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире

Навальный в России и мире
Москва

Дух разделения в Святой Руси, или Можно ли лишиться сана за отпевание Навального*



Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Концерт

Концерт «Стихи войны и мира. Баллада о своих»



Москва

Подача заявок от кандидатов на предварительное ...

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net