Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Декабрь
2020

Bir ýyllap koronawirus dowam edýär. Adamzat COVID-19-yň nireden dörändigini bilermi? 

0
Bir ýyllap koronawirus dowam edýär. Adamzat COVID-19-yň nireden dörändigini bilermi? 

Belki-de, Bütindünýä saglyk guramasynyň derňewleri adama ýokuşýan wiruslaryň çeşmelerini aýan edip biler. 

COVID-19-yň soňky tapgyrynda, ölýänleriň sany pandemiýa başlanaly bäri gün saýyn ýokary derejä ýetip gelýär. COVID-19 wirusy sebäpli dünýäde bir ýarym milliondan gowrak adam öldi. Indi bir ýyl bäri dünýäniň ähli ýurtlarynda diýen ýaly koronawirus wagtal-wagtal tutuş ýurt boýunça karantin ýa-da çäklendiriji çäreler sebäpli adamlary öýlerinde galmaga mejbur edýär. Ýöne onuň adama ýokuşmagyna başda nämämiň sebäp bolandygyny anyklamak entegem başardanok. Wirus peýda bolaly bäri geçen bir ýylyň dowamynda, birnäçe çaklama öňe sürüldi: munuň baryna sebäp hökmünde ýarganatlary, pangolinleri ‘günäkärlediler’ ýa-da wirusyň emeli ýol bilen döredilendigini aýtdylar. 

Bütindünýä saglyk guramasynyň bilermenleri mundan birnäçe hepde öň wirusyň dörän çeşmesiniň nämedendigini anyklamak üçin, derňew işine başlady. Bu derňew çäresine gatnaşýan bilermenleriň - wirusologlaryň, epidemiologlaryň we analitikleriň atlary aýan edilmeýär. Derňewiň birinji tapgyry göni Hytaýda geçirilmez, diňe onlaýn arkaly hytaý bilermenleriniň araçylygy bilen amala aşyrylar. 

Mundan başga-da, ozal Pekin BSG bilermenlerine päsgelçilik döredipdi: şu ýylyň ýanwar aýynda Wuhana baran bilermenler epidemiýanyň başlangyjy 

bilen baglanyşykly resminamalary görüp bilmediler. Sebäbi epidemiýanyň ýokuşmagy bilen baglanyşykly ilkinji analizleriň netijesi munuň Wuhan bazaryndan çykandygyny mälim etdi. Ol ýerde bolsa ýabany jandarlar satylýardy. 

Şeýle-de bolsa, Bütindünýä saglyk guramasynyň häzirki bilermenleri ol kesele ilkinji ýoluganlar bilen diňe gürleşmäge däl, eýsem olaryň gan barlaglaryny öwrenmäge-de mümkinçilik boljakdygyna bil baglaýarlar. Olara Wuhan şäherindäki hassahanalaryň resminamalaryny, hassalaryň we hassahananyň işgärleriniň geçen ýylyň dekabryndan öň we soň geçiren gan barlaglaryny görmäge mümkinçilik berler. Bu bolsa wirusyň 2019-njy ýylyň dekabryndan öň ýaýrandygyny ýa-da ýokdugyny anyklamaga kömek eder. 

 

BSG-niň missiýasy Wuhan bazarynda satylan haýwanlary, esasan-da SARS-CoV-2 ýokuşmagyna ähtimallygy ýokary bolan – pişikleri, norkalary, enotlary, pangolinleri we başgalary barlap görerler. Mundan başga-da, beýleki bazarlara baryp görmegi hem-de Hytaýa goňşy ýurtlardan getirilen haýwanlaryň daşalan ýollaryny yzarlamagy maksat edinýärler. Fermalardan we ýabany ýerlerdäki haýwanlardan analiz almak hem meýilleşdirilýär. Munyň özi möhüm şert bolup durýar, sebäbi ýokuşma görnüşleriň päsgelçilikden geçendigi we bu prosesde aralyk ‘eýeleriň’ bolmagy ähtimal. 

Adamyň haýwana gatnaşyklary ýokuşmak howpuny ýokarlandyrýar, şonuň üçin wirusyň ýokuşma derejesi derňewiň esasy maksady bolup durýar. Munuň üçin BSG-niň barlagçylary haýwanlardan gan, peşew we tezek nusgalaryny ýygnaýarlar, olar wirusyň genetiki gelip çykyşyny we bedeni ýokançlykdan goraýan antitelany kesgitlemekde, synag üçin ulanylar. 

Koronawirus pandemiýasy dünýäniň ähli ýurtlaryna diýen ýaly ýaýrandan soň, BSG-niň geçirýän derňewi syýasy häsiýete öwrülýär. Şu ýylyň aprel aýynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp BSG-niň pandemiýa garşy göreşe giç reaksiýa bildirýändigini tankyt etdi we guramany maliýeleşdirmegi çäklendirip, ABŞ-yň mundan çykýandygyny yglan etdi (BSG-niň maliýe üpjünçiliginiň 80%-i gurama agza döwletleriň donor goşantlaryna baglydyr). 

Şondan soň, Hytaý maý aýynda Afrikada we dünýäniň ösýän ýurtlarynda pandemiýa garşy göreşmek üçin, 2 milliard dollar bölüp berdi: bu mukdar Trampyň kararyndan öň ABŞ-nyň tölän mukdaryndan iki esse köpdür. 

Bütindünýä saglyk guramasyna beren sahylygy bilen bir hatarda Pekin halkara bilermenlerini pandemiýanyň ýaýramagynyň sebäpleri boýunça derňew işine gatnaşmaga çagyrmady. BSG-niň Hytaýdaky wekili Gouden Galea şu ýylyň maý aýynda Pekiniň wirus barada doly maglumat bermeýändigini aýtdy. Ol bir mysal getirdi: 3-nji ýanwardan 16-njy ýanwar aralygynda, Wuhanda wirusyň adamdan adama çalt ýokuşmagy ýaýranda, Hytaý häkimiýetleri 41 ýokuşma keseliniň bardygyny habar beripdir. 

Şeýle hem ol Hytaýda başlanan koronawirusyň adamdan adama ýokuşmagynyň sebäplerini derňemäge, BSG bilermenlerine rugsat berilmeýändigini aýtdy. Hytaýly bilermenler bolsa, öz barlaglaryny tamamlanandan soň, 2002-nji ýylda Hytaýyň günortasynda başlanan we dünýäniň beýleki ýurtlaryna ýaýran SARS epidemiýasynda bolşy ýaly, wirusyň adamlara ýarganatdan ýokuşmagyny öňe sürdüler. 

Şol epidemiýa başlanandan 15 ýyl geçenden soň, hytaýly alymlar bir gowakdan SARS wirusyny adamlara ýokuşdyran ýargantlary tapyp bildiler. Ýarganat bu wirusy agaçlarda ýaşaýan, süýt emdirijiler toparyna girýän musang diýilýän jandardan alypdyr. Ol jandar agaçlarda ýaşaýar hem «kopi-luwak» kofe görnüşiniň önümçiliginde aýratyn rol oýnaýar. 

Musanglar kofe agajynyň miwesi bilen iýmitlenýär, köplenç Aziýada kofe plantasiýalaryna zeper ýetirýär. SARS wirusy bolan ýarganatlaryň tapylan gowagyndan, bary-ýogy bir kilometrlikde ýerleşýän obanyň adamlaryň bu kesele ýokuşmagy gutulgysyzdy. 

 

SARS-CoV-2 meselesinde COVID-19 bilen adamyň ilkinji gezek nirede we nädip keselländigi häzire çenli belli däl. Ýarganat wersiýasy düýpli barlansa, onuň pandemiýanyň başlanýan senesini takyk kesgitlemäge ýol açmagy mümkin diýilýär. 

Şu ýylyň maý aýynda London uniwersitetiniň kollejinde COVID-19 ýokuşan 7500-den gowrak adamdan alnan nusgalary genetiki taýdan öwrenmek tamamlanandan soň, pandemiýanyň başlangyjynyň 2019-njy ýylyň 6-njy oktýabryndan 11-nji dekabry aralygynda kesgitlenip bilinjekdigi aýdyldy. Pandemiýa bilen baglanyşykly SARS-CoV-2 wiruslarynyň öňüni almak üçin, koronawirusyň adamlara nädip ýokuşandygyny anyklamak möhüm bolmagynda galýar. 

The Washington Post gazetiniň habaryna görä, prezident saýlanan Jo Baýden öz çeşmelerine salgylanyp, kasam kabul ediş dabarasyndan soň, 

Trampyň Bütindünýä saglyk guramasyna berilýän serişdäni togtatmak baradaky kararyny üýtgetmek isleýär. BSG hem muňa umyt baglaýar. 

Trampyň hereketleri Ýewropa Bileleşiginde tankyt edilipdi we şondan bäri Brýussel BSG-niň işini ähli ýurtlaryň isleglerine laýyk getirmek üçin özgertmäge synanyşýar. Guramanyň bilermenleri adama koronawirusyň ýokuşmagyň çeşmesini kesgitleseler, bu diňe bejergini ýönekeýleşdirmäge hem-de wirusyň ýaýraýyş faktorlaryny we onuň ýokuşmagynyň öňüni alýan strategiýalary anyklamaga kömek etmekden ötri-de, Bütindünýä saglyk guramasynyň COVID-19 sebäpli başlanan syýasy meselelerini çözmäge kömek eder. 

 

Käbir bilermenler pandemiýanyň başlanaly bäri bir ýyl geçensoň, Wuhanda möhüm bir zady tapmagyň mümkindigine şübhelenýärler. Şäher bazarynda wirusa ilkinji ýokuşan nusgalardan täze maglumat almak mümkin bolmaz, sebäbi hemme ýerde dezinfeksiýa geçirildi. Halkara guramasynyň missiýasy diňe öň hytaý bilermenleri tarapyndan toplanan materiallary peýdalanyp bilerler. 

Şu ýylyň ýanwar aýynda çap edilen materialda hytaý bilermenleri bazardan alnan nusgalaryň 15 sanysynda koronawirusyň tapylandygyny aýdypdy. Alymlar synag üçin alnan diňe birnäçe nusganyň genetiki şekilini çap etdiler. 

Koronawirus bilen baglanyşykly Bütindünýä saglyk guramasy tarapyndan başlanan barlag işleri diňe bir gijä galan çäre hasaplanman, eýsem Hytaý bilen ýakyn aragatnaşykda geçirilýändigi üçinem tankyt edilýär. BSG-niň baş müdiri Tedros Gebreýesus Hytaý Halk Respublikasynyň lideri Si Jinping bilen yzygiderli duşuşýar we missiýanyň mundan beýläkki işlerini maslahat edýär. Gebreýesus pandemiýanyň döremeginiň sebäplerini anyklamak üçin ýumşak güýjüň gerekdigi bilen ol tankytlara jogap berýär. 

Häzirki wagtda ol derňew haýsy etapda? BSG entek ösüş barada maglumat bermekden saklanýar. Şeýle hem bu gurama agza birnäçe ýurduň BSG-niň alyp barýan missiýasynyň iş usullary barada jikme-jik maglumat sorap ýollan haýyşlaryna-da jogap berilmedi. 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин: Москва взяла Гран-при премии «Умный город» за цифровизацию горхозяйства


Спорт в России и мире
Москва

Спортсменка из Бутово выиграла «золото» на турнирах по художественной гимнастике


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
WTA

Как Рыбакиной стать второй ракеткой мира: расклад от WTA


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Концентрация песка в городском воздухе возвращается к обычным значениям





Путин в России и мире
Москва

Путин поздравил Леонида Рошаля с днем рождения


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Это - война: литовские беспилотники попытались атаковать Минск




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире

Навальный в России и мире
Москва

Продюсера Reuters арестовали за публикацию материалов на YouTube-канале «НавальныйLIVE»



Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Александр Градский

В Москве семью композитора Градского обязали убрать его машины с парковки концертного зала



Москва

В лесу в Новой Москве обнаружили скелетированные останки человека

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net