Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Декабрь
2020

ABŞ Täjigistany we Türkmenistany dini azatlyklary bozýanlaryň sanawyna goşdy. Özbegistan ýörite sanawdan çykaryldy

0
Amerikanyň Birleşen Ştatlary Täjigistany we Türkmenistany “dini azatlyklary sistematik görnüşde, yzygiderli we gödek bozýandyklary” üçin aýratyn alada döredýän ýurtlaryň sanawyna goşdy.


Şeýle-de, ABŞ Russiýany we beýleki üç ýurdy – Komor adalaryny, Kubany, Nikaraguany – “dini azatlyklaryň agyr bozulmagyna” gatnaşan ýa-da olara ýol beren hökümetler üçin niýetlenen Ýörite gözegçilik sanawyna goşdy. Bu barada ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo tarapyndan çap edilen beýanatda aýdylýar diýip, “Amerikanyň sesi” habar berýär.




“Birleşen Ştatlar 1998-nji ýyldaky Halkara Dini Erkinlikler Kanunynyň kesgitlemesine laýyklykda, Birmany, Hytaýy, Eritreýany, Eýrany, Nigeriýany, Demirgazyk Koreýany, Pakistany, Saud Arabystanyny, Täjigistany we Türkmenistany “dini azatlyklaryň sistematik görnüşde, yzygiderli we gödek bozulmagyna” gatnaşandyklary ýa-da ýol berendikleri üçin aýratyn alada döredýän ýurtlar hökmünde kesgitleýär” diýlip, Döwlet departamenti tarapyndan ýaýradylan maglumatda bellenilýär.


Bu aralykda, Sudan we Özbegistan, “bu ýurtlaryň hökümetleri tarapyndan soňky bir ýylda amala aşyrylan möhüm, anyk öňegidişlikler” esasynda, Ýörite gözegçilik sanawyndan çykaryldy diýlip, maglumatda aýdylýar.


“Olaryň [bu ýurtlaryň] kanunlaryndaky we tejribelerindäki batyrgaý özgertmeler beýleki ýurtlar üçin görelde bolup durýar” diýip, Pompeo belleýär.


Maglumatda Birleşen Ştatlar “bütin dünýäde dini esasly hyýanatçylyklary we yzarlamalary ýok etmek üçin ýadawsyz işlemegini we her bir adamyň, hemme ýerde, elmydama wyždanyň buýruklaryna laýyklykda ýaşamaga hukugynyň bardygyny üpjün etmek üçin kömek etmegini dowam etdirer” hem diýilýär.


 


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net