Ses päsgelçiliginden üstün çykan ilkinji pilot Çak Ýeger 97 ýaşynda aradan çykdy
“Bu çuňňur gynanç, men size ömrümiň söýgüsi General Çak Ýegeriň agşam sagat 9-dan öň aradan çykandygyny aýtmalydyryn” diýip, onuň aýaly Wiktoriýa Ýeger 7-nji dekabrda paýlaşan twitinde aýtdy. Ol bu barada goşmaça maglumat bermedi.
Ikinji Jahan urşunda söweşiji bolan Ýeger 1947-nji ýylda Bell X-1 gözleg uçaryndaky ses päsgelçiliginden geçip, 13700 metrde sagatda 1225 kilometr tizlige ýetenden soň taryh kitaplaryna girdi.
Şol wagt pilot bary-ýogy 24 ýaşyndady we uçaryň sonik bomba tolkunlaryndan aman galyp biljekdigi ýa-da bilmejekdigi barada hiç kim anyk bir zat bilmeýärdi.
Ýegeriň üstünligi soňra “The Right Stuff” atly kitapda we 1983-nji ýylda şol at bilen çykan filmde ölmez-ýitmez boldy.
