Baýden prezident saýlansa, ýaranlar bilen bile durmak, ‘garaňky döwri’ soňlamak wadasyny berýär
Baýden kabul ediş sözünde Amerikanyň "diktatorlara eglişik eden günleriniň” soňuna çykjakdygyny we prezident saýlanan halatynda koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek üçin milli strategiýany durmuşa geçirjekdigini aýtdy.
Şeýle-de ol, ýaragsyz afro-amerikalylaryň polisiýa işgärleri tarapyndan öldürilmegi bilen baglanyşykly guralan we jyns taýdan adalatlylyk talap edýän protestler sebäpli bölünen ýurdy birleşdirjekdigini aýtdy.
Baýden biziň "iň erbetlerimiz däl-de, iň gowularymyzy çekeris" we ýurdy agzybirleşdirip, "Amerikadaky garaňkylyk döwrüni ýeňip geçeris" diýdi.
Wirtual konwensiýa gutaransoň, asmana feýerwerk atyldy.
Bu ozal hem prezidentlige iki gezek dalaş eden Baýdeniň 77 ýaşynda, özsyýasy karýerasynda gazanan uly uly üstünligi boldy.
74 ýaşly Tramp indiki hepde geçiriljek wirtual respublikan milli konwensiýasynda öz partiýasynyň dalaşgäri hökmünde resmi taýdan gaýtadan hödürlener.
Prezident 20-nji awgustda Pensilwaniýa ştatynyň Skranton şäherinde, Baýdeniň doglan ýeriniň golaýynda kampaniýa çäresini geçirdi we öz çykyşynda Demokratik bäsdeşiniň hökümetdäki işini tankyt etdi.
