Aşgabat dünýä bilen COVID-19 tejribelerini paýlaşmak üçin üçünji ýygnagyny geçirdi
Türkmenistan COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça tejribelerini paýlaşýar diýip, hökümete tarapdar “Türkmenportal” neşiri habar berýär.
22-nji maýda Daşary işler ministrliginde «Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyndaky halkara başlangyçlarynyň durmuşa geçirilişi» boýunça brifing gurnaldy.
Oňa degişli edaralaryň resmileri, diplomatik missiýalaryň hem-de halkara guramalarynyň baştutanlary, ýerli we daşary ýurt žurnalistleri gatnaşdylar.
Şeýle-de, wideomaslahat görnüşinde, brifinge Gazagystanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň we Türkiýäniň paýtagtlary goşuldy, 18 ýurtdan 30-a golaý žurnalist onlaýn görnüşinde bellige alyndy.
TDH-nyň ýazmagyna görä, bu gezekki brifing Türkmenistanda koronawirus ýokanjynyň ýurt çägine getirilmeginiň we onuň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça görülýän çärelere bagyşlanan üçünji ýygnanyşykdyr.
Neşir Türkmenistanyň beýleki ýurtlaryň tejribesine hormat bilen garaýandygyny, ýöne Aşgabadyň hem öz tejribelerini paýlaşmaga taýýardygyny habar berýär.
Türkmenistan sebitde koronawirus ýokaşmasyny resmi taýdan hasaba almadyk ýeke-täk ýurt bolup durýar.
Hünärmenler aýdyňlygyň ýokdugy üçin Türkmenistanyň hökümetiniň aýdýan sözlerine ynamsyz garaýarlar.