Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Январь
2020

Ýylyň başy aşgabatlylaryň medeni durmuşynda düşümli boldy

0
Disneý kinofilmleriniň aýdym-sazlarynyň konserti, "Bitlz" toparynyň bütindünýä gününe bagyşlanan konsert, Maýkl Jeksonyň aýdymlarynyň konserti we Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky orkestriniň çykyşlary ýaňy-ýakynda Aşgabatda bolan medeni çäreleriň käbirini emele getirýär.


Bu konsertlere tomaşa eden Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary olaryň geçişi barada habar berýärler. 




"Eýýäm giren ýeriňde ýaş tomaşaçylary we olaryň ene atalaryny meşhur amerikan kinoertekiçisiniň gahrymanlary garşy aldylar. Orkestr Disneý filmleriniň pursatlaryny görkezýän ekranyň fonunda sazlary ýerine ýetirdi. Ýaş zehinli aýdymçylar Aýnur Mahmudowa, Döwrän we Mähri Şammyýewler, Maýa Maksudowa amerikan kinematografiýasynyň ertekiçisiniň gahrymanlarynyň kostýumlarynda çykyş etdiler" - diýip, habarçymyz 25-nji ýanwarda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň biznes merkezinde geçirilen Disneýiň kinofilmleriniň aýdym-saz konsertiniň geçişi barada habar berdi. 


Onuň sözlerine görä, çykyş örän täsirli we dinamiki bolup, sahnalar çalasyn çalyşyp durupdyr. 




 


Tomaşaçylarda täsir galdyran medeni wakalaryň ýene biri 16-njy ýanwarda bellenýän "Bitlz" toparynyň bütindünýä gününe gabatlanyp geçirilen konsert boldy. 


 


"Zal doludy. Konsert "Bitlz" toparynyň ýaşy 70-den 6 aralygyndaky janköýerleriniň joşgunly we güýçli ruhlanmasynda geçdi. Adamlar er çarpyp, brawo diýip ses etdiler, goşulyp aýdym aýtdylar we ellerindäki mobil telefonlarynyň şohlelerini ýakyp, tutup durdular" diýip, 18-nji ýanwarda "Türkmenistan" kinokonsert zalynda geçen konserte tomaşa eden habarçymyz habara berdi.   




Amerikan pop ýyldyzy Maýkl Jeksonyň aýdymlarynyň konserti aşgabatly tomaşaçylaryň arasynda meşhurlyk tapan medeni wakalaryň ýene biri boldy. 


Habarçymyzyň sözlerine görä, konsert örän meşhur bolup, uly gyzyklanma döredendigi sebäpli, iki gezek, ýagny 1-nji we 8-nji dekabrda geçirilipdir. 


"Konsert uly anşlag bilen dekabrda geçdi. Konserte baryp bilmedik tomaşaçylaryň haýyşlary boýunça ony ikinji gezek gaýtaladylar" diýip, habarçymyz belleýär. 




Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, Aşgabadyň saz muşdaklary soňky ýylda klassiki we estrada konsertleriň sanynyň köpelendigini, ýerli sazandalaryň we aýdymçylaryň ýerine ýetirmeginde dürli žanrlaryň, sazçylyk mümkinçilikleriniň giňelendigini kanagatlanma bilen belleýärler. 


"Soňky döwürde adamlar bir wagtda geçirilýän konsertleriň haýsysyna gitjegini saýlamaly hem bolýarlar" diýip, habarçymyz belledi. 


24-nji ýanwarda Türkmenistanyň milli konserwatoriýasynda sazanda Tahyr Ataýewiň orkestri ýaş kompozitor Mämmet Guseýnowyň eserleriniň konsertini geçiripdir. 


Onuň sözlerine görä, bu ýaş saz topary golaýda döräpdir. Konserwatoriýanyň studentleriniň we ony gutaran sazandalaryň gatnaşmagyndaky orkestriň ilkinji çykyşy 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň milli konserwatoriýasynda bolupdyr.




Rus dilinde hem okaň


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net