Ganiniň edarasy: Tramp owgan parahatçylyk gepleşikleriniň öňünde ‘ýaraşyk şertini’ goýýar
Şeýle-de Tramp, sözçi Sedik Sedikkiniň 22-nji noýabrdaky twitter beýanatynda aýdylmagyna görä, “islendik prosesiň rowaç bolmagy üçin, owgan hökümetiniň bu gepleşiklere gatnaşmagy, dahylly bolmagy we oňa turuwbaşdan ýolbaşçylyk etmegi hökmany şert bolup durýar we bu haýal etmän amala aşyrylmaly” diýdi.
Ganiniň topary geçen aýda, Owganystandaky 18 ýyllyk konflikti soňlamak üçin, ABŞ-“Talyban” gepleşiklerini gurnamagy maksat edinýän ýedi bölümli teklibini çap etdi.
