Türkmen baş diplomaty Daşkende sapar eder
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Reşit Meredow 15-16-njy noýabr aralygynda Özbegistanyň paýtagty Daşkende sapar eder.
Ol özbek paýtagtynda Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşar. Bu baradaky degişli buýruga türkmen prezidenti 13-nji noýabrda gol goýdy.
Özbek habar serişdeleriniň ýurduň Daşary işler ministrligine salgylanyp berýän maglumatyna görä, gepleşikleriň dowamynda özara regional hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň perespektiwalary maslahat ediler.