Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2019

Türkmenistandan çykmak näçä durýar?

0
Türkmenistanyň raýatlarynyň ýurduň daşyna çykmagyna döredilýän bökdençlikleriň we olaryň halkara reýslerden köpçülikleýin düşürilmeginiň fonunda ilatyň ýurduň daşyna çykmagyna ýardam bermek boýunça hyzmatlar köpelýär. 


"Türkmenistanyň Hronikasy" neşriniň maglumatyna görä, häzirki wagtda gadagançylyk problemasyny aradan aýyrmak 2-5 müň amerikan dollaryna düşýär.     


Eger adamy bir ýa-da iki gezek Türkmenistandan goýbermedik bolsalar, meseläni araçynyň üsti bilen 2000 dollara çözüp bolýar. Eger-de, adam öň deportasiýa edilen bolsa baha 5000 ýetýär, diýip neşir belleýär. 




Mundan öň Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary türkmen raýatlarynyň Aşgabatdan Demirgazyk Kipre uçmak üçin araçylara 2750 dollar möçberinde para bermäge mejbur bolmagyna degişli wakalar barada habar beripdi. 


Şeýle, kanuna doly gabat gelmeýän gadagançylyklaryň bar bolan ýerinde olaryň daşyndan aýlanyp, geçmegiň ýollary hem bolýar diýip, "Türkmenistanyň Hronikasy" belleýär we "gara sanawlara" düşen adamyň ýurduň daşyna çykarylmagynyň nyrhynyň hem onuň sanawa düşmeginiň sebäplerine, ýagny onuň özüniň eden hereketine ýa-da şeýle adamyň garyndaşy bolmagyna bagly bolýandygyny aýdýar. Şol bir wagtda-da, Türkmenistanda pul bilen hem ýurduň daşyna çykyp bilmeýänleriň sanawy hem bar. 




 


 


"Türkmenistanyň Hronikasy" ýurduň daşyna çykmaga ýardam bermek boýunça hyzmatlaryň üpjün edilişine degişli jikme-jik magumatlary berýär. 


​"Şeýle meseleleriň çözgüdi bilen meşgullanýanlaryň we ýygy-ýygydan Stambula gatnaýanlaryň biri paýtagyň ýaşaýjysy Maral (redaksiýa onuň hakyky adyny bilýar). Onuň ýakyn garyndaşy Migrasiýa gullugynyň ýurduň daşyna gidip-gelýänler barada maglumat toplamak we analiz etmek boýunça bölüminde işleýär. Türkmenistanyň daşyna we ýurduň içine goýberilmedikler, şeýle-de ýurduň içine we daşyna goýberilmeli däl adamlar hakynda kanun goraýjy organlaryň berýän maglumatlary hut şu gullukda toplanýar. Şu bölümde adamyň adyny gadagançylyga düşenleriň sanawyndan aýyryp bolýar. Maral müşderi tapyp, öz garyndaşynyň kömegi bilen olara ýurduň daşyna çykmaga ýardam berýär. Ýaňy-ýakynda onuň kömegi bilen  Stambula üç adam bardy, olar mundan öň iki gezek ýurtdan çykarmandylar" diýip, "Türkmenistanyň Hronikasy" neşri ýazýar.




 


 


Türkmenistanyň ilaty soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýurduň daşyna çykmakda dürli päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolup gelýär. Ýurduň migrasion häkimiýetleri raýatlaryň ýurduň daşyna çykmagyna gadagançylygyň bolmagyny resmi taýdan boýun almaýar, döredýän päsgelçilikleriniň sebäplerini düşündirmeýär. Soňky ýyllarda ýurduň daşyna çykmak gadagançylygyna ilkinji nobatda ýaşy 35 çenli zenanlar, 40 ýaşyna çenli erkekler, daşary ýurtlarda bilim alýan studentler we goşun gullugynda bolmadyk ýaşlar duçar bolýarlar. 


Köplenç raýatlar özleriniň ýurduň daşyna çykarylmajagyny aeroportda uçjak bolanda bilip galýarlar. Ýolagçylaryň uçar biletleriniň bahasy köplenç gaýdyp berilmeýär. 


Azatlygyň habarçylarynyň noýabryň başynda habar bermegine görä, "Türkmen howaýollarynyň" Stambula günde iki gezek amala aşyrýan reýslerine günde 20-30 adamdan goýberilmändir. Sentýabrda bolsa Aşgabat-Stambul reýslerinden ýolagçylaryň ýarsyna golaýyny alyp galypdyrlar. 


Mundan öň uçara goýberilmedik ýolagçylaryň pajygaly wakalara sezewar bolmagyna degişli birnäçe waka boldy. Azatlyk Radiosyna mälim bolşuna görä, 2018-nji ýylyň tomsunda Daşoguzyň ýaşaýjysy üç gezek uçara goýberilmän uly maddy zyýana galyp, öz janyna kast edipdir. Şol ýylyň maý aýynda uçara goýberilmedik zenan ýüreginden tutup heläk bolupdyr.   


Türkmenistanyň ilatynyň ýurduň daşyna çykmagyna döredilýän päsgelçilikler ýurt ilatynyň migrasiýanyň derejesiniň öň görlüp eşidilmedik möçbere ýeten döwrüne gabat gelýär. 


Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky ygtybarly çeşmelerine görä, soňky 10 ýylyň dowamynda Türkmenistany 1 million 879 müň adam terk edipdir. 


Türkmenistan on ýyldan gowrak wagt bäri resmi statistikany, şol sanda ilat sanyny çap etmän gelýär. 




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net