Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Август
2019

Sakladylar, sakgalyny syrdyrdylar-da, goýberdiler. Daşkent bazarynda geçirilen reýd

0
Sakladylar, sakgalyny syrdyrdylar-da, goýberdiler. Daşkent bazarynda geçirilen reýd

Özbegistanyň güýç ulanyjylary Daşkent bazarynda sakgaly bolan onlarça adamy sakladylar. Olary polisiýanyň bölümine getirip, sakgalyny syrmaga mejbur edip, soňra goýberdiler. Paýtagtyň Içeri işler bölümi bu reýdiň sebäbini düşündirmekden ýüz öwürdi.

SAKGALLYMYŇ –​ POLISIÝA BARMALY?

Daşkendiň «Малика» bazarynda hojalyk tehnikasyny hem elektrik enjamlaryny satýan işewür topardan bir söwdagär Azatlygyň Özbek redaksiýasyna jaň edip, 23-nji awgustda ony hem ýene-de onlarça adamy polisiýanyň saklandygyny aýtdy.

– Reýd günortandan soň başlandy. Graždan egin-eşiginde bolan polisiýanyň işgärleri sakgaly bolan ýaş ýigitleri hem uly ýaşdakylary tutup, Daşkent şäher Içeri işler uprawleniýesiniň 4-nji bölümine getirdiler. Menem şol ýere eltilenlerden biri. Bölümde bize türmä basjak diýip haýbat atdylar. “Sakgalyňyzy syrmasaňyz – bu ýerden çykmarsyňyz” diýip, milisionerler bizi gorkuzdylar. Uly ýaşdakylardan hem ýigitlerden sakgalyny syranlary goýberdiler, garşylyk görkezip başlanlary bolsa bölümde alyp galdylar – diýip, öz adynyň tutulmazlygyny haýyş eden gürrüňdeşimiz aýdýar.

Ol geçirilen reýd barada Jamoliddin Muhammadjon sosial ulgamdaky öz Facebook sahypasynda şeýle ýazgy galdyrypdyr.

Men «Malika» bazaryndan çykanymda, polisiýa egin-eşigindäkiler özlerini tanyşdyrmazdan, meni “4-nji rom” diýilýän ýere alyp gitdiler. Bölümiň agzynda sakgally ýaş ýigitlerden hem uly ýaşly adamlardan düzülen uzyn nobaty gördüm. Bu ýere sakgal üçin getirilenimize düşündim. Bölümiň içinde-de ýene nobat. Ol ýerde saklananlar barada maglumatlar alnyp, surata düşürýärdiler. Meni-de surata düşürdiler. Beýleki bir kabinetde “söhbet” geçirdiler. Ol ýerde maňa sakgalymy syrmagyň MEJBURDYGYNY aýtdylar. Elbetde, men ylalaşmadym. Meni gürrüňe çeken ýolbaşçy sakgalymy almasam, bu ýerden goýberilmejegimi aýtdy. Men oňa: “Maňa sakgal goýbermegi gadagan edýän kanuny ýa-da dokumenti görkeziň, men şonda siziň talabyňyza gürrüňsiz boýun bolaýyn” diýdim. Ýöne olar maňa sakgal goýbermeli däl diýen hiç bir kanuny ýa-da dokumenti görkezmediler” diýip, Jamoliddin Muhammadjon ýazgy galdyrypdyr.

Ol Facebook ulanyjy hem sakgaly zor bilen syrylan beýleki raýatlar Daşkent şäher Içeri işler uprawleniýesinden näme üçin güýje daýanyp sakgal syrdyrandygy barada resmi düşündiriş berilmegini talap edýärler.

Azatlyk Radiosy Içeri işler uprawleniýesiniň metbugat-gullugyna ýüz tutup, bolan ýagdaý barada kommentariýa bermegini sorady. Azatlygyň žurnalistiniň sowalyny eşidensoň, metbugat-gullugynyň wekili telefony taşlady. Soňky telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Ýerli synçylaryň pikirine görä, milisionerleriň dine ynanýan raýatlary saklap, zor bilen sakgalyny syrdyrmagy ynsan hukuklarynyň bozulmagydyr. Bazarda geçirilen reýd hem onuň netijeleri sosial ulgamlarda giňden maslahat edilýär hem tolgunma bilen ýazgarylýar.

Özbegistan musulmanlarynyň dini uprawleniýesi hem milisionerleriň ol hereketi bilen ylalaşmady.

– Diňe sakgal goýbereni üçin bir adamy gysmak – kanuna laýyk däl – diýip, dini edaranyň resmisi aýtdy.

Mundan öň eňeginde azda-kände bildirip duran sakgaly bolan ýaş studentleriň sapaga goýberilmeýändigi barada, Azatlyk Radiosy habar beripdi. Sakgaly bolan ýaş ýigitler köçede barýarka, olary polisiýa saklap, bölüme soraga alyp gidýärdi.

Geçen hepdede bolsa Azatlyk Daşkentden bolan sakgally işewür adam Fergana gelip, inwestisiýa teklibi bilen şäher häkiminiň ýanyna girmekçi bolanynda, onuň administrasiýa jaýyna goýberilmedigini habar berdi.

2017-nji ýylda başynda hijaby bolan aýallary hem ak tahýa geýen erkekleri Fergana welaýatynyň Kokant şäherindäki merkezi bazaryna goýbermändiler.

2016-njy ýylda bolsa Buharada milisionerler sakgally janköýerleri stadiona goýbermediler. Stadiona girjek bolanlarynda, olara sakgalyny syrmagy maslahat berdiler.

IKI ONÝYLLYK DÖWRÜNDE DOWAM EDÝÄN KAMPANIÝA

Özbegistanda sakgala garşy göreş iki onýyllykdan öňräk, Islam Kerimowyň prezidentligi döwründe başlanypdy. 1999-njy ýylda hökümete degişli obýektleri, şol sanda hökümetiň baş edarasyny nazara alan tapgyrlaýyn bolan partlamalardan soň, Özbegistanda sakgal goýbermek hem-de jemgyýetçilik ýerlerine hijaply barmak gadagan edildi.

2016-njy ýylda häkimiýet başyna Şawkat Mirziýaýew geçenden soň dini azatlyklara girizilen çäklendirmeleri gowşatmak ugrunda käbir işleriň edilýändigini synçylar aýdyp başladylar. Meselem, metjitlerde azan sesini gataldyjy enjamlar Kerimow döwründe gadagan edilenem bolsa, oňa rugsat berildi. Türmelerden din işleri bilen baglanyşykly madda esasynda basylan bir ýarym müňden gowak tussag boşadyldy. Din bilen baglanyşykly gara sanawa girizilen 16 müň çemesi adama ýurduň çäginden daşary çykmaga rugsat edildi.

ABŞ on ýyldan gowrak wagtdan soň Özbegistany dine bolan iň ýowuz garaýyşly ýurtlaryň sanawyndan aýyrdy. 21-nji iýunda Waşingtonda ABŞ-yň Döwlet sekretary Maýk Pompeo öz dokladynda Ak tamyň pikiriçe, Daşkent bu ugurdan ösüş gazandy diýip belledi. Hususan-da Pompeo: “Özbegistanda entegem köp ugurda uly iş alyp barmak zerur bolup durýar, ýöne ol soňky 13 ýylda aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň hataryna girmeýär” diýdi.

Döwlet departamentiniň hasabatynda bolsa, Özbegistanda ileri gidişligiň bardygyna garamazdan, dini azatlyklaryň şindizem basylýandygy aýdylýar.

Waşingtondaky hiç bir syýasy partiýa degişli bolmadyk, ABŞ-da hem dünýäde bolan problemalary hem jemgyýetçilik meýillerini öwrenýän Pew Research barlag merkeziniň iýul aýynda mälim eden hasabatynda, Özbegistan dini azatlyklary berk çäklendirýän ýurtlaryň toparyna goşuldy. Dine garşy «iň ýokary çäklendirme» girizýän ýurtlaryň arasynda Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Russiýa, Saud Arabystany hem Türkmenistan bar.

Material AÝ/AR-nyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин. Неделя мэра


Спорт в России и мире
Москва

Сотрудница ОМОН "Оплот" приняла участие в костромском забеге «Галичское Заозерье»


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Новак Джокович

Новаку Джоковичу исполнилось 37 лет в Швейцарии | Виды спорта


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Сергей Собянин. Главное за день





Путин в России и мире
Москва

В Кремле анонсировали переговоры Путина с королем Бахрейна в Москве


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Запись от имени Президента Беларуси сделана в книге соболезнований в посольстве Ирана




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Зеленский объяснил, почему не хочет приглашать РФ на «саммит мира»


Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Концерт

Концерт волынщиков в музее П.И. Чайковского



Москва

Тематическая встреча «Тому, кто Русь Отчизною зовет» с писателями пройдет в Дорогомилово 1 июня

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net