'Nur Otan' Tokaýewi prezidentlige hödürledi
Bu barada partiýanyň 23-nji aprelde geçiren kongressinde yglan edildi. Gazagystany 30 ýyllap dolandyran we birnäçe hepde mundan öň häkimiýet başyndan çekilýändigini yglan eden Nursoltan Nazarbaýew "Nur Otan" partiýasynyň baştutany hökmünde "Tokaýewiň kandidaturasyny hödürleýändigini" aýtdy.
"Men her biriňizden onuň kandidaturasyny goldamagy soraýaryn" diýip, Nazarbaýew aýtdy.
Gazagystany Sowet Soýuzynyň 1991-nji ýylda dargamagyndan öň dolandyryp başlan we başga pikirlilige çydamsyzlyk görkezen Nazarbaýew häkimiýet başyndan çekilmek kararyny 19-njy martda yglan etdi. Öňki diplomat Tokaýew häkimiýet başyna geçdi.
9-njy aprelde Tokaýew gyssagly prezidentlik saýlawlarynyň 9-njy iýunda geçiriljegini yglan etdi.
