Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Апрель
2019

Türkmenbaşy, Balkanabat we Serhetabat şäherlerine suw-sil geldi

0
Türkmenbaşy, Balkanabat we Serhetabat şäherlerine suw-sil geldi

Türkmenistanda yzygiderli ýagýan ýagyn zerarly ýurduň günbatarynda we günorta-gündogarynda birnäçe uly şäheri suw aldy. 

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň sözlerine görä, 14-nji aprelde Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerini suw alypdyr. 

"Türkmenbaşy şäherinden tanyşym ýagyşdan soň suwuň köçelerden derýa bolup akyp, deňiz tarapa gidendigini aýdýar" diýip, Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy 15-nji aprelde gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, ýagyş suwlary Balkanabat şäheriniň töwerek daşynda hem ýygnanypdyr. 

"14-nji aprelde Balkanabatdan gelýän otlynyň ýolagçylary gürrüň berdiler. Demirýolyň depe bolup duran ýerlerden geçýändigine şükür, sebäbi çepden we sagdan topraga derek köl bolup dur" diýip, Azatlygyň habarçylarynyň biri habar berýär. 

13-nji aprelde Azatlygyň diňleýjileri Mary welaýatyndaky ýagyn zerarly Serhetbat şäherine suw-sil gelendigini habar berdiler. Azatlyk Radiosyna gowşan wideo ýazgylaryň birinde sil suwlarynyň basan giňişliklerini görmek mümkin. 

Mundan öň Mary welaýatynyň Tagtabazar şäheri we etraby suw-silden zyýan çekdi. 30-njy martda Tagtabazarda suwdan ýüzlerçe ýaşaýyş jaýa zeper ýetdi, onlarçasy doly ýumruldy. 

Azatlygyň regiondaky habarçylarynyň sözlerine görä, soňky silden soň häkimiýetler Tagtabazar etrabynda käbir öňüni alyş çäreleri geçirip başlapdyrlar, emma olar ýeterlik däl. 

"Tagtabazarda golaýda bolan suw joşgunyndan soň bent gurup başladylar. Suwdan zyýan çeken adamlar etrabyň stadionynda çadyrlarda ýaşaýarlar. Olary şol ýerde ýerleşdirdiler. Jaý gurmak üçin ýer berjekdiklerini aýtdylar. Emma Murgap derýasyny gazmaly. Bilermenler suwuň joşmak howpunyň henizem uludygyny aýdýarlar. Murgap derýasynyň özi örän bulançak. Suwy Saryýazyn suw howdanynda ýygnaýarlar, We her ýylda ol özüni 0.5 gömüp baýar. Indi, bolsa, her ýyl suw joşgunynyň howpy barha artýar. Hiç hili çäre bolsa görülmeýär" diýip, Azatlygyň regiondaky habarçysy aýdýar. 

Mart aýynyň ortalaryndan bäri ýagan ýagyş suwlary Türkmenistanyň tutuş giňişliginde suwuň joşmagyna we siliň gelmegine sebäp boldy. 19-njy martda Balkan welaýatynda gelen sil Bereket we Serdar şäherlerini weýran etdi, regionyň ençeme obasy ejir çekdi. 

13-nji aprelde sil türkmen paýtagtyna hem bardy.  

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, tutuş gijäniň dowamynda şäheriň merkezi köçelerindäki ýerasty köprülerinden we geçelgelerinden suwy çekmek işleri amala aşyryldy. 14-nji aprelde irden ýene-de ýagyş ýagdy. Ýagynly howa 15-nji aprelde hem saklandy. 

Türkmenistanyň häkimiýetleri we habar beriş serişdeleri ýurtda bir aýa golaý wagt bäri dowam edýän tebigy hadysalar we olaryň netijeleri barada dymmagyny dowam etdirýärler.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýurt ýaşaýjylary ýerli häkimiýetleriň ilata zerur kömegi bermekden köplenç ýüz öwürýändigini we ýaşaýjylaryň çeken zyýanynyň öwezini dolmaýandygyny aýdýarlar. 

 Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

 

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

 

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин: Развиваем систему здравоохранения


Спорт в России и мире
Москва

Спортсменка из Бутово выиграла «золото» на турнирах по художественной гимнастике


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
WTA

Мирра Андреева установила новый рекорд на турнирах WTA-1000


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Прокуратура Москвы: тело мужчины нашли в лесопарке в Сокольниках





Путин в России и мире
Москва

Эксперт: корректировка порогов крупного и особо крупного ущерба по экономическим статьям оправдана и своевременна


Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире

Навальный в России и мире
Москва

Продюсера Reuters арестовали за публикацию материалов на YouTube-канале «НавальныйLIVE»



Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Джиган

Младшая дочь Оксаны Самойловой и Джигана пошутила, что их сын приемный — как отреагировала звездная мама: «Чисто классика»



Москва

Доходы Богородского округа превысили 1,4 млрд рублей за I квартал 2024 г

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net