Tähranda studentler ganly awtobus heläkçiligi sebäpli protest bildirdiler
Studentleriň käbiri bu hadysada günäläp, uniwersitetiň ýolbaşçylarynyň işden çekilmegine çagyrdy. Proteste heläk bolan studentleriň hem käbir garyndaşlary goşuldy diýip, Eýranyň habar serişdeleri habar berdi.
Tährandaky Yslamçy Azad uniwersitetiniň Ylym we barlaglarbölüminiň studentlerini alyp gelýän awtobus agdarylanda azyndan 10 student öldi, 27 student bolsa ýaralandy.
Polisiýa bu hadysanyň sebäplerini derňeýändigini aýdýar. Tähranyň prokurory 26-njy dekabrda bu hadysa bilen bagly iki adamyň tussag edilendigini aýtdy.
Eýran ýol hadysalarynda ölýän adamlaryň sany boýunça ýokary derejelerde durýar.
