Türkmen prezidenti Indoneziýanyň hökümetine sunami sebäpli gynanç bildirdi
Türkmenistanyň prezidenti Indoneziýanyň hökümetine ýurtda bolan güýçli sunami bilen baglylykda gynanç bildirdi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Indoneziýanyň prezidenti Džoko Widodo ýolan gynanç hatynyň mazmuny 25-nji dekabrda türkmen mediasynda çap boldy.
21-nji dekabrdan 22-nji dekabra geçýän gijesi Indoneziýanyň Ýawa we Sumatra adalarynyň arasyndan geçýän Zond bogazynda dörän suw joşguny zerarly 429 adam wepat boldy we bir ýarym müň çemesi adam ýaralandy. Ýene 150-den gowrak adam ýiten hasaplanýar. Ýüzlerçe ýaşaýyş jaýy we myhmanhana weýran boldy.
Seýsmologlar güýçli tolkunyň emele gelmegine Anak-Krakatau wulkanynyň joşmagynyň sebäp bolan bolmagyny çak edýärler.