Berdimuhamedow: Merkezi Aziýada durnuklylygy saklamak üçin ABŞ bilen hyzmatdaşlygy dowam ederis
“Biz Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen gatnaşyklarymyzy, ozaly bilen, Merkezi Aziýada we serhetdeş zolaklarda parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi saklamak ýaly möhüm meselelerde hyzmatdaşlygy dowam ederis” diýip, türkmen lideri Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde sözlän sözünde belledi.
Türkmen döwlet habarlar (TDH) gullugynyň 20-nji dekabrda beren maglumatyna görä, döwlet baştutany “energetika howpsuzlygyny, ykdysadyýeti, söwdany we maýa goýumlaryny ösdürmegi gazanarys” hem diýdi.
