Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Декабрь
2018
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

Daşoguzda ýüzlerçe adam pasport almak üçin migrasion gullugynyň öňüne jemlenýär

0
Daşoguz welaýatynyň migrasiýa edarasynyň öňünde şu günler pasport almak isleýän ýaşaýjylaryň uly nobatlary emele gelýär.


Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýüzlerçe adamlyk nobatlaryň soňky hepdäniň dowamynda dörändigini habar berdi. 


"Migrasiýa gullugynyň etrap bölüminiň öňünde daşary ýurt pasportyny almak üçin ýüzlerçe adam nobata düzülýär. Aýratynam soňky hepdäniň dowamynda migrasiýa gullugynyň öňünde basa-baslyk" diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 5-nji dekabrda habar berdi.


Onuň sözlerine görä, nobatlar bilen bir wagtda, daşary ýurt pasportyny mundan beýläk diňe paýtagta bermek düzgüniniň girizilmeginiň ähtimaldygy barada ýaşaýjylaryň arasynda aladalanmalar güýçlenipdir. 


​"Köpler migrasiýa gullugyň Aşgabada geçirilmeginden we pasportlaryň şol ýerde berilmeginiň ähtimallygyndan aladalanýarlar. Adamlar alada edip, pasport almak üçin ýüzlenip başladylar. Ol ýere barar ýaly bolmady, işgärler [nobatlaryň] surata düşürilmezligine gözegçilik edýärler, emma adamlar onsuzam başagaý" diýip, Türkmenistandaky habarçymyz aýdýar.


Azatlyk Radiosy daşary ýurt pasportynyň berilmek düzgünine degişli habar berilýän aladalanmalaryň nä derejede esaslydygyny resmi çeşmelerden anyklap bilmedi. Türkmenistanyň döwlet migrasiýa gullugyndan we bu edaranyň Daşoguz welaýatyndaky bölüminden kommentariý almak bize häzirlikçe başartmady.




Daşary ýurt pasporty Türkmenistanyň raýatlarynyň ýurduň daşyna çykmak we ýurda dolanyp barmak üçin zerur dokumentdir. 2013-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurtlara syýahatlary biometriki maglumatlary öz içine alýan dokumentiň esasynda amala aşyrylýar.


Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky çeşmeleriniň sözlerine görä, soňky ýyllarda ýurt ýaşaýjylarynyň daşary ýurtlara, ilkinji nobatda-da zähmet migrasiýasyna gidýändigi sebäpli ilat arasynda daşary ýurt pasportyna bolan islegler hem artypdyr.


"Meselem Lebap welaýatynda tutuş obalar boşap galdy. Esasan garrylar we çagalar galdy, işe ukyply ýaşdaky erkekleriň we aýallaryň tas ählisi gazanç edýärler" diýip, ýaňy-ýakynda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan adynyň efirde tutulmazlygyny soran welaýat ýaşaýjysy gürrüň berdi.







Türkmenistan ýurduň daşyna gatnaýan raýatlarynyň sanyna degişli resmi statistikany çap etmeýär. Munuň bilen bir wagtda, migrasiýa häkimiýetleri raýatlaryň ýurduň daşyna çykmagyna päsgelçilik döredýärler we daşary ýurtlarda gazanç edýän raýatlaryny yzyna gaýtarmak boýunça çäre geçirýärler.   


2018-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň raýatlarynyň ýurduň daşyna çykmagyna häkimiýetler tarapyndan päsgel döredilmegi bilen bagly wakalaryň onlarçasy Azatlyk Radiosyna mälim boldy.  





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net