Pakistanda “Talybanyň atasy” diýip bilinýän ruhany pyçaklanyp öldürildi
Ýurduň içeri işler ministrligi 2-nji noýabr agşamy beýanat çap edip, onuň ölümine gynanç bildirdi.
Ýerli telewideniýe ruhanynyň ogly Hamidul Hakasalgylanyp, onuň Rawalpindidäki öýünde näbelli adamlar tarapyndan pyçaklanandygyny habar berdi.
"Meniň kakam Yslamabatdaky oturma protestine gatnaşmak üçin ýola çykypdyr. Emma ýollar ýapyk bolansoň, ol öýüne dolanyp, ýatyş jaýyna gidipdir. Biraz soň ol şol ýerde gana bulaşyp ýatan ýagdaýda tapyldy” diýip,Hamidul Hak “Geo News” telewideniýesine aýtdy.
