Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2018

Новости за 13.11.2018

Daşoguzda mallar köpçülikleýin gyrylýar

Azathabar.com 

Daşoguz welaýatynda heniz doly anyklanmadyk keselden mallar köpçülikleýin gyrylýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, mallara mama keseliniň ýokaşandygyndan güman edilýär.

Täjigistanda bolan türme gozgalaňynda ‘azyndan 50 tussag öldi’

Azathabar.com 

Täjigistanyň demirgazygyndaky türmede bolan ganly gozgalaňda azyndan 50 adam öldi diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri maglumat berdiler. Bu hadysadan bäri bir hepde töweregi wagt geçen-de bolsa, hökümet oňa şindi hem resmi reaksiýa bildirmedi. Howpsuzlyk aladalary sebäpli atlandyrylmasyzlygyny soran bir döwlet işgäri 7-nji noýabrda Hojand şäherinde ýüze çykan gozgalaňda öldürildi diýilýän azyndan 50 tussagyň sanawyny Azatlyk Radiosynyň habarçysyna görkezdi. Emma, sanawyň suratyny almaga rugsat berilmedi. Читать дальше...



Türkmenabadyň birnäçe orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda ýakalaşyk boldy

Azathabar.com 

Türkmenabat şäheriniň birnäçe orta mekdebiniň ýokary klas okuwçylarynyň arasynda ýakalaşyk boldy. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysynyň sözlerine görä, 8-nji noýabrda ýakalaşyga azyndan dört sany orta mekdebiniň okuwçylary gatnaşypdyr. "Otuz adam töweregi uly klas okuwçylarynyň gatnaşmagyndaky bu uruş Türkmenabadyň birnäçe mekdebiniň ýaşlarynyň arasynda boldy. №3, 24 we 26-njy mekdepleriniň okuwçylary 5-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň üstüne barypdyr. Olaryň şol mekdebiň gapdalyndaky gurluşykçylar köçesinde sözi azaşyp... Читать дальше...

Berdimuhamedow ýurda syýahatçylary çekmegi tabşyrdy

Azathabar.com 

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilýän Türkmenistana gelýän syýahatçylaryň sanyny artdyrmagy tabşyrdy. Berdimuhamedow duşenbe güni geçirilen wideoşekilli iş maslahatynyň dowamynda “syýahatçylyk hyzmatlary bazarynda täze gyzykly teklipleriň we hyzmatlaryň bolmalydygyna” ünsi çekipdir. Ol “syýahatçylaryň sanyny artdyrmak üçin ähli şertleriň bardygyny” aýdyp, “jahankeşdeleri çekmek, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň medeni-taryhy mirasyny... Читать дальше...

Pakistan Twitterden Bibiniň ‘ýalan’ suratlaryny aýyrmagy sorady

Azathabar.com 

Pakistanyň hökümeti Twitter we beýleki sosial ulgamlaryna ýüzlenip, golaýda dine dil ýetirmek aýyplamalaryndan aklanan hristiýan aýalynyň ýurduň daşyna çykandygy barada peýda bolýan, “ýasama” diýip häsiýetlendiren suratlarynyň öňüni almagy sorady. Hökümet Asia Bibiniň heniz hem Pakistandadygyny, emma aşa dinçi toparlarynyň ölüm haýbatlary sebäpli, onuň saklanýan ýeriniň äşgär edilmeýändigini aýtdy. Ýurduň maglumat ministri Fawad Çaudhrynyň aýtmagyna görä, bir kanunçykaryjynyň, hamana, Bibi bilen... Читать дальше...

Nawalna Russiýany terk etmek gadagan edildi

Azathabar.com 

Rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalny resmileriň ony ýurtdan çykarmaýandygyny aýdýar. Kremliň ýiti tankytçysy Nawalny aeroportdaky pasport barlag nokadynda oňa “ýörite barlag çäreleri” diýip, uçara goýbermändiklerini aýtdy. Nawalny resmileriň “onuň ýurtdan goýberilmeli däldigi barada käbir kagyzlary görkezendiklerini, emma munuň sebäbini düşündirmändiklerini” hem sözüne goşdy.   Nawalny Adam hukuklary boýunça Ýewropanyň Sudunyň öz işi bilen baglylykda çykarjak hökümi bilen tanyşmak üçin ýola çykypdy. Читать дальше...

Minskde söwda merkeziniň üçegi agdy

Azathabar.com 

Belarusyň paýtagty Minskde bir söwda merkeziniň üçeginiň agmagy netijesinde azyndan bir adam ýaralandy. Belarusyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi söwda merkezinde gül satan bir ýaş aýal maşgalanyň kelle we garyn boşlugy şikesleri bilen keselhana ýerleşdirilendigini mälim etdi. Ministrlik üçegiň 150 m2  ölçegdäki ýere gaçandygyny aýtdy. Azatlyk Radiosynyň Minskidäki habarçysy halas ediş işgärleriniň söwda merkeziniň daşyny böwetländiklerini habar berdi.

Makedoniýada ozalky premýer-ministr Gruýewskä tussag buýrugy çykaryldy

Azathabar.com 

Makedoniýanyň polisiýasy ýurduň ozalky premýer-ministri Nikola Gruýewskiniň tussag edilmegi baradaky orderi, ýagny buýruk hatyny çykardy. Gruýewskiý korrupsiýa aýyplamalarynda günäli tapylyp, iki ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili orderiň suduň görkezmesi esasynda çykarylandygyny mälim etdi. 9-njy noýabrda sud Gruýewskini türme tussaglygyna garşy şikaýat edip ýazan soňky arzasyny hem ret edipdi. Oppozisiýadaky WMRO-DPMNE konserwatiw partiýasynyň... Читать дальше...

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net