Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Октябрь
2018

Aşgabatda uçar ýolagçylary 'prezidentiň sapary sebäpli' uçardan galdy

0
13-nji oktýabrda Aşgabatdan Pariže we Frankfurta barýan uçarlar öňünden duýdurylmazdan wagtyndan ir ugrap, öz ýolagçylarynyň ençemesini galdyryp gitdiler, diýip Azatlygyň çeşmesi bu ýagdaýy başdan geçiren ýolagçylara salgylanyp, habar berdi.


Efirden adynyň tutulmazlygyny soran çeşmämiz bu ýagdaýyň 13-nji oktýabrda ir sagat 11-den geçende ugramaly uçarlaryň birnäçe sagat öňünden başlanýan registrasiýasynyň birden bes edilip, ýolagçylary aljyraňňy ýagdaýda galdyrandygyny belledi. 


"Registrasiýa başlanyp, bir sagat geçip-geçmänkä ony doly ýapýarlar. Geçip ýetişeni gidýär, galany galýar. Näme üçin diýlip sorasalar, 'ýaşuly uçýar' diýip, jogap berýärler" diýip, söhbetdeşimiz aeroportuň işgärleriniň ýurduň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň uçarly sapary sebäpli ýolagçy reýsleriň uçuş tertibiniň üýtgedilendigini ýolagçylara duýdurandygyny gürrüň berdi. Çeşmämiz şol reýsleriň biriniň ýolagçysyna salgylanyp, adatça doly bolýan uçaryň içinde şol gün orunlaryň ýarysyndan gowragynyň boş galandygyny belledi.




​"Türkmenhowaýollarynyň" resmi maglumatyna görä, Aşgabat - Frankfurt reýsi şenbe günleri 11:25-de, Aşgabat - Pariž reýsi 11:35-de ugraýar. 


Agzalan reýsleriň 13-nji oktýabrda wagtyndan ir uçandygy barada çeşmelerimiziň beren maglumatyny "Türkmenhowaýollarynyň" we Aşgabadyň halkara aeroportunyň resmilerinden häzirlikçe tassykladyp, ýa-da inkär etdirip bolmady.


Aşgabadyň halkara aeroportundan daşary ýurtlara ýygy-ýygynda syýahat edýän söhbetdeşlerimiziň sözlerine görä, uçarlaryň wagtyndan ir, ýa-da giç ugramagy, şeýle-de wagtynda gonup bilmän ençeme sagatlap howada uçup garaşmagy, ýa-da başga bir şäherde gonmagy ýygy-ýygyndan ýüze çykýar. Köplenç bu howa şertleriniň ýaramazlygyna ýa-da tehniki sebäplere bagly bolman, prezidentiň ýola çykmagyna bagly bolýar. 


Türkmenistanyň prezidentiniň daşary ýurtlara ýa-da paýtagtdan welaýatlara edýän uçarly saparlarynyň wagty barada köplenç habar berilmeýär. Ýolagçylar diňe uçuş tertibiniň üýtgedilen pursadynda mundan habarly bolup galýarlar. Bu barada ýolagçylara köplenç aeroportyň işgärleri aýdýarlar.  


Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň habar beren şuňa meňzeş wakalarynyň biri aprel aýynda Aşgabat-Moskwa reýsinde ýüze çykypdyr.


"Adamlar eýýäm uçara münüpdi, birden olary uçardan çykaryp, yzyna garaşmak üçin niýetlenen otaga kowup başladylar. Olar şol ýerde iki sagada golaý wagtlap garaşmaly boldular. Prezidentiň uçary barmaly ýerine barýança, gonansoň döwlet baştutanyny aeroportda hökümet agzalary garşy alýança we şol ýerde göçme maslahat geçirilýänçä, ýolagçylar Aşgabatda garaşyp oturmaly boldular" diýip, habarçymyz gürrüň berdi. 







“Türkmenhowaýollary” ýolagçylara edilýän hyzmatyň hili boýunça halkara derejesinde geçirilýän reýtinglerde ýyllarboýy pes bahalary alýar. Onuň öz ýolagçylaryny köp garaşdyrmagy kemçilikleriň arasynda agzalýar. 




Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary we çeşmeleri Aşgabatdan uçran uçarlaryň gatnaw tertibine täsir ýetirýän "howpsuzlyk çäreleriniň" köplenç prezidentiň saparlara ugran wagtynda köp ýüze çykýar.


"Aýratyn howpsuzlyk çäreleri, onuň sapara ugraýan wagtynda köp ýüze çykýar, ony ugradýan we sapary barada habarly bolýan adam köp bolýar, şeýle ýagdaýda reýsler saklanýar, şeýle-de aeroportuň töwerek daşy ýapyk bolansoň, ýolagçylar wagtynda baryp bilmeýärler we uçara gijä galýarlar. Prezidentiň sapardan gelýän wagty bolsa gizlinlikde saklanýar we birnäçe gezek üýtgedilýär" diýip, Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan ygtybarly çeşmesi gürrüň berdi.


Türkmenistanyň paýtagtynda prezidentiň saparlary, onuň gatnaşmagyndaky syýasy-jemgyýetçilik we sport, medeni çäreleri sebäpli ýollaryň ýygy-ýygyndan ýapylmagy şäherde köçe-ýol hereketiniň bökdemegine, jemgyýetçilik transportunyň gatnawynyň kesilmegine ýa-da öňünden duýdurmazdan üýtgemegine sebäp bolýar, bu ýagdaý ýerli ýaşaýjylara köp oňaýsyzlyklary döredýär.   





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net