Bolton Kremle: “Amerikan saýlawlaryna goşulma”
Ak tamyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jon Bolton Moskwada ýokary derejeli rus resmileri bilen duşuşyp, Russiýanyň ABŞ-nyň saýlawlaryna gatyşmagynyň garşylyklaýyn jogap hereketlerini döredendigini we Kremle “Amerikan saýlawlaryna goşulma” diýen sapagy berendigini aýdandygyny mälim etdi.
Bolton bu barada Russiýa eden iki günlük saparynyň çäklerinde prezident Wladimir Putin we beýleki ýokary derejeli rus resmileri bilen geçiren gepleşiklerinden soň çykyş etdi.
Bolton Russiýanyň ABŞ-nyň 2016-njy ýyldaky saýlawlaryna gatyşdy diýilýän hereketleriniň saýlawlaryň netijelerine nähilidir bir täsir ýetirendigi barada delilleriň ýokdugyny hem aýtdy. Emma, Bolton munuň netijesinde Waşingtonda Russiýa uly ynamsyzlyk dörändigini hem sözüne goşdy.
Russiýa ABŞ-nyň saýlawlaryna gatyşandygy baradaky aýyplamalaryň ählisini ret edip gelýär.