Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Октябрь
2018

Türkmenistanda poçta hyzmatlary gymmatlady, DHL işläp başlady

0
Türkmenistanda 1-nji oktýabrda poçta hyzmatlary gymmatlady. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy bahalaryň ortaça 60% ýokarlanandygyny habar berýär.


"Poçta arkaly ugradylýan zatlaryň bahasy gymmatlady. Eger golaýda Orsýet Federasiýasyna ugradylýan 20 kilogramlyk posylkanyň bahasy 500 manada duran bolsa, indi onuň birinji kilogramynyň bahasy 145 manada durýar, galan agramynyň her kilogramy 35 manatdan hasaplanylýar" diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar. Onuň sözlerine görä, Türkmenistandan Ukraina ugradylýan 20 kilogramlyk zatlaryň poçta hyzmatlarynyň bahasy 994 manada, ABŞ 850 manada durýar, öň munuň bahasy 600 we 700 manada barabar bolupdyr. 


Azatlyk Radiosynyň habarçysyna bu nyrhlary Aşgabadyň poçta bölümleriniň birinde onuň posylka iberen pursadynda mälim edilipdir. 


Şol bir wagtyň özünde-de, "Türkmenpoçta" döwlet gullugynyň resmi websaýtynda çap edilen nyrhlara görä, hususan-da, Orsýete uçar arkaly ugratmak üçin hyzmatyň bir kilogramyna 36.8 manat we guryýer transporty bilen 14.53 manat möçberinde baha kesgitlenipdir, üstesine bir posylkanyň bahasy diýlip 80 manatdan gowrak möçberde aýratyn bir nyrh hem görkezilýär.




Azatlyk Radiosy bu nyrhlardaky aratapawut we bahalaryň ýokarlanmagyna degişli jikme-jik maglumatlary "Türkmenpoçta" döwlet gullugynyň özünden maglumat alyp bilmedi. 


Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky söhbetdeşleri poçta hyzmatlarynyň Türkmenistanda soňky bir ýyl çemesi döwrüň dowamynda ikinji gezek gymmatlaýandygyny, geçen gezek ýylyň başynda nyrhlaryň birnäçe esse ýokarlanandygyny belleýärler. Şol döwürde-de, adamlar hyzmatlaryň nyrhynyň galandygyny poçta zat ibermek üçin baranda bilip galypdyrlar. 


Şeýle-de, Türkmenistanda poçta arkaly zat ibermegiň belli bir düzgünleri we çäklendirmeleri göz öňünde tutulýar. 


Ugradylýan zatlaryň agramy 20 kilogramdan geçmeli däl. Ugradylýan zatlar barlag üçin açyk görnüşde tabşyrylmaly. Bellemeli ýeri, Türkmenistandan zatlar mata ýa-da polietilen haltalarda iberilýär. 


"Ugradýan adam iberýän posylkasynyň agzyny tikmeli däl, sebäbi ony soň kompetent organlar barlaýar" diýip, Azatlygyň habarçysy belleýär. 




DHL Türkmenistana gaýdyp geldi 


Şol bir wagtyň özünde-de, Türkmenistanda uzak arakesmeden soň halkara tiz poçta hyzmatlaryny üpjün edýän DHL kompaniýasy öz işini dikeltdi. 


Kompaniýanyň Aşgabatdaky edarasynda aýtmaklaryna görä, ol öz işine 5-nji iýulda başlapdyr. Dünýäniň ekspres-poçta hyzmatlaryny üpjün edýän iň iri kompaniýalaryň biri DHL Türkmenistandaky işini 2005-nji ýylyň aprel aýynda togtadypdy. Şonda munuň sebäpleri köpçülige mälim edilmändi. 


DHL kompaniýasynyň Aşgabatdaky edarasynda aýdylyşyna görä, edil şu wagtda Türkmenistandan merkezi Ýewropa iberilýän 300-500 gramlyk bukjanyň bahasy 375 manada durýar, ol dört günüň dowamynda gowşurylýar. Hyzmatyň bahasy Türkmenistanyň milli puly manatda alynýar.


Türkmenistanda amerikan dollaryň resmi bahasy 3.5 manat derejesinde galýar, onuň gara bazardaky bahasy 10-njy oktýabrda 20.5-21 manada barabar boldy. 





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net