Eýran harby kuwwadyny artdyrjakdygyny aýdýar
Rohani telewideniýede eden çykyşynda Eýranyň harby kuwwadynyň Waşingtonyň oňa hüjüm etmeginiň öňüni alýandygyny belledi.
“Duşman Eýrana hüjüm etmegiň bahasynyň uly boljakdygyny bilmelidir. ABŞ näme üçin bize garşy hüjüm etmeýär? Sebäbi, ol munuň netijelerini bilýär” diýip, Rohani çykyş etdi.
Ak Tamyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jon Bolton “Reuters” habar agentligine beren interwýusynda ABŞ-nyň Eýran bilen harby konflikt islemeýändigini, muňa derek ykdysady sanksiýalaryň üsti bilen Tähranyň Ýakyn Gündogardaky, şol sanda Siriýadaky we Ýemendäki konfliktlerden çekilmegini gazanjak bolýandygyny aýtdy.
