Facebook syýasy ýalan maglumatlary ýaýradýan hasaplaryny öçürdi
Mundanam başga, Twitter saudylara we Ysraýyla garşy Eýran propogandasyny ýaýradan 300 hasabyň togtadylandygyny aýtdy. Twitter öz ulgamynyň “manipulýasiýasyna” geçen ýyl başlanandygyny belledi.
Facebook geçen ýyl rus agentleriniň bu sosial ulgamy arkaly ABŞ-nyň 2016-njy ýyldaky prezidentlik saýlawlaryna täsir ýetirmäge synanyşandygyny aýdandan soň, gözegçiligini güýçlendirdi.
Facebook soňky ädimleri barada ABŞ-nyň we Britaniýanyň hökümetlerini habardar edendigini hem belledi.
