Türkmenistanyň paýtagtynda tatuirowka, ýagny bedene hemişelik surat çekmek bilen meşgullanýan ussalar häkimiýetleriň üns merkezine düşdi. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, polisiýa tatuirowkasy bolan adamlary saklap, surat çeken ussalary anyklamak üçin soraga çekýär.
- Häzir köçelerde we sport merkezlerinde tatuirowkasy bolanlary saklaýarlar we polisiýa äkidip, gözenegiň aňrysynda soraga çekýärler, kimiň tatuirowka edýändigini soraýarlar. Birini üç gije-gündizläp sakladylar - diýip, habarçymyz 30 maýda habar berdi. Читать дальше...