Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Октябрь
2025
1 2 3
4
5
6 7 8 9 10
11
12
13 14 15 16 17
18
19
20 21 22 23 24
25
26
27 28 29 30 31

Owganystan we Pakistan ýowuz çaknyşyklardan soň ok atyşygy bes etmek barada ylalaşdylar

0
Owganystan we Pakistan ýowuz howa zarbalaryndan we guryýer söweşlerinden soň, 15-nji oktýabrda ok atyşygy wagtlaýyn bes etmek barada ylalaşdylar. Howa zarbalary we guryýer söweşleri iki goňşy ýurduň arasynda giň gerimli konfliktiň döremek ähtimallygy baradaky aladalary artdyrypdy.
Pakistan Owganystanyň günortasyndaky Kandahar welaýatyna howa zarbalaryny amala aşyrdy we köp adamyň ölmegine sebäp boldy diýip, ýerli ýaşaýjylar Azatlyk Radiosynyň “Radio Azadi” Owgan gullugyna beren maglumatynda aýtdylar.
“Radio Azadi” bilen söhbetdeş bolan owgan paýtagtynyň ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, partlamalar Kabulda-da eşidildi. Sosial mediada paýlaşylan tassyklanmadyk wideo maglumatda Owganystanyň paýtagtynda tüsse asmana ýokarlanýan ýaly bolup görünýär. Partlamalaryň sebäbi entek belli däl.
Iki ýurduň 2600 kilometr uzynlykdaky serhet araçäginde guryýer söweşler hem bolup, iki tarapda-da birnäçe adam öldi.
Ok atyşygy wagtlaýyn bes etmek
Pakistanyň Daşary işler ministrligi 15-nji oktýabrda ýaýradan beýanatynda taraplaryň şol güni sagat 18:00-dan başlap “öňümizdäki 48 sagadyň dowamynda ok atyşygy wagtlaýyn bes etmek” barada ylalaşandyklaryny aýtdy.
Soňky ýowuzlyk 11-12-nji oktýabrda “Talyban” söweşijileri bilen Pakistanyň howpsuzlyk güýçleriniň arasynda bolup geçen agyr çaknyşyklardan soň ýüze çykyp, bu zorluklar onlarça adamyň ölmegine we esasy serhet geçelgeleriniň ýapylmagyna getirdi. Bu iki tarapyň arasynda häzirki güne çenli bolup geçen iň ganly çaknyşykdyr.
Serhet çaknyşyklary Pakistanyň Kabulyň merkezine pilotsyz uçarlaryň howa hüjümlerini we Owganystanyň gündogarynda howa zarbalaryny amala aşyrandan birnäçe gün soň döredi.
Ýowuzlyklar uzak wagtlap ýaran bolan Pakistan bilen Owganystanyň “Talybanynyň” arasynda ähliumumy söweşiň döremek ähtimallygy baradaky aladalary artdyrdy.
Yslamabat Owganystanyň “Talybanyny” Pakistana garşy gitdigiçe has köp ýowuz gozgalaňlary amala aşyrýan “Tehrik-e-Talyban Pakistan” (TTP) ekstremist toparyna pena bermekde aýyplaýar. 2021-nji ýylda häkimiýeti ele salan Owganystanyň “Talybany” bu aýyplamalary ret edýär.
Parahat ilat serhet ýakalaryndan gaçýar
Serhediň iki tarapyndaky raýatlar soňky söweşleriň has giň gerimli urşuň döremek ähtimallygy baradaky gorkularyň emele gelmegine getirendigini aýdyp, käbir adamlaryň öýlerinden gaçyp gidendigini bellediler.
“Serhediň iki gapdalyndaky köp adam öýlerini boşadyp, söweşleriň geriminiň giňelmeginden gorkup, has howpsuz ýerlere gaçdy” diýip, Pakistanyň serhetýaka Çaman şäherçesindäki žurnalist Muhammet Naim Azatlyk Radiosynyň Pakistan gullugy bolan Maşaal Radiosyna beren interýwusynda aýtdy.
Owganystanyň Çaman bilen serhetleşýän Kandahar welaýatynyň Spin Boldak etrabynyň ýaşaýjylary Pakistanyň harby dikuçarlarynyň bazary bombalandygyny aýtdylar.
“Raýat awtoulaglaryna we öýlere hüjüm edildi... Parahat ilatdan köp adam öldürildi we ýaralandy” diýip, adynyň efirde agzalmazlygy şerti bilen maglumat beren ýerli ýaşaýjy aýtdy.
Kabuldaky “Talyban” hökümeti Spin Boldakdaky hüjümde parahat ilatdan 12 adamyň öldürilendigini aýtdy.
Soňky günlerde ýüze çykan ýowuzlyklar serhet geçelgeleriniň ýapylmagyna getirip, ýerli biznesleriň işine we adamlaryň hereketine täsir etdi.
“Talyban” söweşijileri we Pakistanyň esgerleri 2021-nji ýyldan bäri ýurduň 2600 kilometr araçäginde wagtal-wagtal çaknyşýarlar. Ýöne soňky ýowuzlygyň gazaplylygy uly möwjeme hökmünde görülýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net