Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Январь
2025
1
2 3
4
5 6 7 8 9 10
11
12
13 14 15 16 17
18
19
20 21 22 23 24 25
26
27 28 29 30 31

Aşgabadyň banklarynda aýal-gyzlardan ýaşyl reňkdäki milli geýimi geýmek talap edilýär

0
Aşgabatda häkimiýetler bank pudagynyň ähli zenan işgärleri üçin birmeňzeş reňkdäki milli eşigi geýmek talabyny güýje girizdiler. Talaby berjaý etmediklere işden çykarylmak we jaýlarynyň ellerinden alynmak howpy abanýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 31-nji ýanwarda paýtagtdan maglumat berdi.


“Paýtagtda Türkmenistanyň ähli döwlet we paýdarlar täjirçilik banklarynyň işgärlerinden, has dogrusy aýal-gyzlardan döşi ýapyk ýakaly, ýaşyl reňkde köýnek geýmek talap edilýär. Olar onuň üstünde-de ýaşyl reňkde kürte geýmeli” diýip, “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň bir işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.


Bank işgärleriniň birnäçesiniň tassyklamagyna görä, bu düzgün şu ýylyň başyndan güýje girizilip başlandy.




Pudak ýolbaşçylary işgärler bilen geçiren ýygnaklarynda bu talabyň Türkmenistanyň Merkezi bankynyň görkezmesi esasynda güýje girizilendigini aýtdylar, ýöne sebäbini düşündirmediler.


“Ýygnaklarda işgärlere işden soň, barlarda, restoranlarda we Internet kafelerde görünmezlik hem berk tabşyryldy” diýip, aşgabatly ýene bir bank işgäri anonimlik şertinde aýtdy.


Işgärlerden “hökümet tarapyndan halanylmaýan aýdymçylary, ýazyjylary, Azatlyk Radiosy ýaly garaşsyz habar beriş serişdelerini diňlemezlik” hem talap edildi.


“Ýolbaşçylar bulary yzarlaýan işgärler anyklanan halatynda, onda olaryň ýörite gulluklaryň basyşlaryna we gysyşlaryna sezewar ediljekdigini hem duýdurdylar” diýip, bank işgäri belledi.


Tabşyryklary, hususan-da, eginbaş talabyny berjaý etmedik işgärlere işden çykarylmak we ýeňillikli ipoteka esasynda berlen jaýlarynyň ellerinden alynmak howpy abanýar.


“Işgärler işleýän bankynyň beren karzyna ipoteka esasynda satyn alan jaýlarynda ýaşaýarlar. Olar işleri bilen bir hatarda, jaýlaryny hem ýitirmejek bolup, islendik talaby kabul etmäge mejbur bolýarlar” diýip, bank işgäri belledi.


Ol Türkmenistanda işsizligiň möwjemegi netijesinde, döwlet we hususy edara-kärhanalarda işgärleriň hukugynyň barha köp depelenýändigini hem sözüne goşdy.




“Döwlet resmileri bilen bir hatarda, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary öz tabynlygyndaky işgärleri öz isleglerine görä, kemsitmelere sezewar edýärler” diýip, bank işgäri belledi.


Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada ýurduň Merkezi bankyndan we gürrüňi edilen beýleki banklardan teswir alyp bilmedi.


Türkmenistanyň edara-kärhanalarynda aýal-gyzlardan milli egin-eşikleri geýmek talaby mundan ozal hem bardy. Ýöne olardan birmeňzeş reňkde eşik geýmek talaby barada Azatlygyň habarçylary ilkinji gezek maglumat berýärler.


Ýurtda aýal-gyzlaryň daşky keşbi bilen bagly giň gerimli çäklendirmeleriň biri soňky gezek mundan üç ýyl çemesi ozal güýje girizilipdi.


Prezident Serdar Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna geçmeginiň yz ýanyna gabat gelen şol çäklendirmeleriň çäginde aýal-gyzlar gözellik hyzmatlarynyň ençemesinden we dar köýnek geýmekden, jynsy geýmekden mahrum edilipdi.


Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu ýagdaýlar barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar.


 


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net