Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Январь
2025
1
2 3
4
5 6 7 8 9 10
11
12
13 14 15 16 17
18
19
20 21 22 23 24 25
26
27 28 29 30 31

Uçarda 64 adam, şol sanda figuralaýyn typyjylar bardy; diri galanlar barada maglumat ýok

0
Waşingtonda, Pentagonyň golaýyndaky Potomak derýasynyň ýokarsynda harby dikuçar bilen çakyşan ýolagçy uçarynda ölenleriň arasynda Russiýanyň dünýä çempiony bolan figuralaýyn typyjylar Wadim Naumowyň we onuň aýaly Ýewgeniýa Şişkowanyň hem bolandygy aýdylýar.


ABŞ-nyň Federal awiasiýa administrasiýasy (FAA) bu hadysanyň ýerli wagt bilen agşam sagat 9-dan sähel öň, 29-njy ýanwarda bolandygyny aýtdy.


“Amerikan Howaýollarynyň” sebit ýolagçy uçary Ronald Reýgan adyndaky Waşington milli howa menziliniň golaýynda pessaýlap, gonmaga barýan wagtynda “Sikorski H-60” harby dikuçary bilen howada çakyşyp, Potomak derýasyna gaçdy.


Deslapky maglumatlara görä, Kanzasyň Wiçita şäherinden Waşingtona uçýan uçarda 60 ýolagçy we dört ekipaž agzasy bardy.


CNN habar gullugynyň resmilere salgylanyp ýazmagyna görä, dikuçarda tälim uçuşyny amala aşyrýan üç esger bar eken.


ABŞ-nyň goşun resmisi bu heläkçiligiň bortunda üç esger bolan “Black Hawk” dikuçary bilen baglanyşyklydygyny tassyk etdi.


CNN ölenleriň bardygyny ýazýar, ýöne hukuk goraýjy edaralardaky çeşmäniň habaryna görä, halas edijiler heniz suwdan diri galan ýekeje adamy hem çykarmady. Onuň sözlerine görä, uçar suwa ýykyldy we dikuçar golaýdaky derýa gaçdy.


NBC-niň habarçysy ejir çekenleriň azyndan dört sanysynyň Reýgan howa menziliniň ýangyn stansiýasyna äkidilendigini habar berdi. Olaryň ýagdaýy entek belli däl.


Teleýaýlym Potomak derýasyndaky suwuň temperaturasynyň iki dereje bolandygyny belleýär - gipotermiýa we huşuň ýitmegi başlanmazyndan öň adam şeýle suwda 30 minut saklanyp biler.


Häzire çenli  30-dan gowrak  jesediň suwdan çykarylandygy habar berildi.


Çeşmäniň habaryna görä, betbagtçylykdan diri galanlar entek tapylmady.




ABŞ-nyň Federal awiasiýa administrasiýasy (FAA) bu betbagtçylygyň ýerli wagt bilen agşam sagat 9 töwereginde bolandygyny habar berdi.


Wakanyň bolan ýerinde suwa çümüjileriň gatnaşmagynda giň gerimli gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.


ABŞ-nyň figuralaýyn typmak baradaky federasiýasy “Amerikan Howaýollarynyň” 5342-nji reýsinde figuralaýyn typmak jemgyýetiniň birnäçe agzasynyň bolandygyny aýtdy.


"Bu türgenler, tälimçiler we olaryň maşgalalary Kanzasyň Wiçita şäherinden, ABŞ figuralaýyn typmak baradaky çempionaty bilen bilelikde geçirilen Milli Ösüş lagerinden öýlerine gaýdyp gelbýärdiler" diýip beýanatda aýdylýar.


Russiýanyň “Nowosti” habar agentligi, amerikaly figuralaýyn typyjy Jon Marawillanyň sözlerine salgylanyp, uçarda 14 figuralaýyn typyjynyň we birnäçe tälimçiniň bolandygyny habar berdi.


ABŞ-a göçüp, figuralaýyn typmak boýunça tälimçi bolup işleýän Inna Wolýanskaýanyň hem uçarda bolandygy aýdylýar.


“Match TV” neşirine bu habary tälimçi Nikolaý Welikow aýtdy.


TASS çeşmesiniň maglumatyna görä, uçarda 1994-nji ýylda Russiýanyň milli ýygyndysynyň hatarynda figuralaýyn typmak boýunça dünýä çempiony bolan Ýewgeniýa Şişkowa we Wadim Naumow hem bardy. Olaryň ABŞ-da figuralaýyn typmak boýunça çempionata gatnaşan ogly, soň belli bolşuna görä, 27-nji ýanwarda Russiýa gaýdyp geldi.


Russiýanyň prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow Waşingtonda heläkçilige uçran uçarda "Rus figuralaýyn typyjylarynyň we beýleki raýatlaryň" bolandygy baradaky maglumatlaryň tassyklanandygyny aýtdy. Uçarda näçe figuraçynyň bolandygy we olaryň näçesiniň rusdygy entek belli däl.


Maglumata görä, ölenleriň arasynda ýaş figuralaýyn typyjylar Žina Han, Spenser Lane, Franko Aparisio, uýalar Ewerli we Aldia Livingston dagy hem bar. Figuralaýyn typyjy Jon Marawilla it äkitmek üçin kapasanyň göwrüminiň uly bolandygy üçin uçardan galdy we öýüne awtoulagly gaýtmaly boldy.


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Waşingtonyň golaýyndaky howa menzilinde bolan "aýylganç waka" barada maglumat alandygyny aýtdy.


"Reýgan adyndaky milli howa menzilinde bolup geçen aýylganç waka barada maňa doly maglumat berildi. Hudaý olaryň ruhlaryna ýalkasyn" diýip, prezidentiň beýanatynda adatdan daşary gulluklaryň alyp barýan işleri üçin sagbolsun aýdylýar.


Transport boýunça Milli howpsuzlyk geňeşi bu waka barada goşmaça maglumat ýygnaýandygyny aýtdy.


Bu ABŞ-da ýolagçy uçarynyň 2009-njy ýyldan bäri adam pidalaryna getiren ilkinji hadysasy bolup durýar.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net