Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Январь
2025
1
2 3
4
5 6 7 8 9 10
11
12
13 14 15 16 17
18
19
20 21 22 23 24 25
26
27 28 29 30 31

Aşgabatda mobil telefonlary üçin SIM kartlaryň satuwy ýene bes edildi

0
Aşgabatda ýurduň ýeke-täk mobil operatory bolan "Altyn Asyr" öýjükli aragatnaşyk ulgamy ilata mobil telefonlary üçin täze SIM kartalaryň satuwyny ýene bes etdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 24-nji ýanwarda paýtagtdan maglumat berdi.


“Şu günler ‘Altyn Asyryň’ ýerli ofislerine barýan müşderilere täze SIM kart satyn almak mümkinçiligini ýokdugyny aýdýarlar. Müşderiler täze belgi satyn alyp bilmän yzlaryna gaýdýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.


Kärhananyň resmileri müşderilere munuň sebäbini düşündirmezden, garaşmagy maslahat berýärler. Ýöne olar näçe wagt garaşmaly boljakdygy barada anyk maglumat bermeýärler.




Mundan başga-da, olar müşderilere artykmaç SIM kartlary bar bolan raýatlaryň köpdügini belläp, şolaryň artykmaç telefon belgilerini satyn alyp, ondan peýdalanyp biljekdiklerini hem aýdýarlar.


Ýöne paýtagtly ýaşaýjylar muny resmileşdirip bolmaýandygy sebäpli, munuň howply bolýandygyny belleýärler.


“Häzir wagtda ýurtda bir müşderini telefon belgisini beýleki bir raýata resmileşdirip satmak mümkinçiligi gadagan edilýär, ýagny adyňa geçirip bolmaýar. Munuň sebäbini hem düşündirmeýärler. Şol sebäpli telefon belgisini resmi däl görnüşde satyn alan müşderiler SIM kartlary satan alan adamyň adyndan ulanmaly bolýarlar” diýip, aşgabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.


Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada “Altyn Asyr” kompaniýasynyň resmi websaýtynda görkezilen telefon belgilerine jaň edip, teswir almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 24-nji ýanwarda yzygiderli eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.


Aşgabatda täze SIM kartalaryň satuwynyň bes edilendigi barada kompaniýanyň websaýtynda hem haýsydyr bildiriş ýa maglumat göze ilmeýär.


Türkmenistanyň öýjükli aragatnaşyk ulgamynda monopoliýa eýe bolan “TMCell” söwda nyşanly “Altyn Asyr” soňky birnäçe ýyl bäri ilatyň SIM kart isleglerini kadaly kanagatlandyryp bilmän gelýär.


Kompaniýa 2023-nji ýylyň bahar paslynda müşderilere SIM kartalaryň satuwyny çäklendirip başlady. Şondan bäri paýtagtda we ýurduň beýleki ýerlerinde SIM kartlaryň söwdasy yzly-yzyna togtadylýar.




Ýurt raýatlary SIM kartlaryň satuwda tapdyrmazlygynyň gaýtalanyp durmagyndan yzygiderli nägile bolýandygyna garamazdan, türkmen häkimiýetleri ilata indi tas iki ýyl bäri dowam edýän bökdençlikleriň sebäpleri barada hiç hili düşündiriş bermän gelýärler.


Şol bir wagtda, “Altyn Asyryň” käbir hünärmenleri bökdençlikleriň sebäbini soňky ýyllarda bu kärhana döwlet tarapyndan ýeterlik maýa goýumyň goýulmazlygy bilen düşündirýärler.


“Kompaniýanyň elektron enjamlary könelişip, döwrüň talabyndan yza galýar. Täze SIM kartlaryň işini kabul edip bilmeýär, aragatnaşygyň, Internetiň hili ýaramazlaşýar. Bularyň ählisine döwletiň kompaniýa ýeterlik serişde goýbermezligi sebäp bolýar. Raýatlarda başga saýlap-seçmäge mümkinçiligi bolmansoň, bäsleşiksiz şertinde işleýän ‘Altyn Asyryň’ pes hilli hyzmatyna razy bolmaly bolýarlar” diýip, hünärmen anonimlik şertinde aýtdy.


Soňky ýyllarda türkmen häkimiýetleri dünýäniň iň ösen tehnologiýalaryny satyn alýandyklaryny we ýurtda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny yzygiderli tekrarlaýarlar.


Muňa garamazdan, ýurtda ilatyň mobil we Internet aragatnaşyk ulgamlarynyň hili yzly-yzyna ýaramazlaşýar. Türkmenistan halkara guramalarynyň hasabatlarynda ilatyň maglumat almak hukugyny çäklendirmekde yzygiderli tankyt edilýär.


 


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net