Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Январь
2025
1
2 3
4
5 6 7 8 9 10
11
12
13 14 15 16 17
18
19
20 21 22 23 24 25
26
27 28 29 30 31

Aşgabatda dümew keseli ýaýraýar, häkimiýetler dymýar

0
Ilatyň arasynda dümew keseliniň ýaýramagy dowam edýär. Dem alyş ýollarynyň hassalygy şu wagt paýtagtda-da köpeldi. Hassahanalar, şol sanda ýokanç keseller hassahanasy näsaglardan doly.   


Aşgabadyň keselhanasyna medisina kömegini sorap ýüz tutýanlaryň köpüsi dümew keseliniň alamatlaryndan ejir çekýärler.


"Aşgabatda adaty bolmadyk 'dümew' bilen kesellänleriň sany artýar. Hassalaryň gyzgyny ýokary bolýar. Bokurdagy agyryp başlaýar, soňra wirus aşaklap başlaýar we kekirdegiň öýken içindäki şahallaryna we öýkene düşýär. Güýçli we agyr üsgülewük uzak wagtlap saklanýar. Käbir hassalar gulagynyň dykylmagyndan we bilindäki agyrydan zeýrenýärler" diýip, aşgabatly çeşme 24-nji ýanwarda gürrüň berdi.  




Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan paýtagtly lukmanlaryň sözlerine görä, kesellänleriň köpüsinde duş gelýän bu alamatlar dümew keseline mahsus bolsa-da, bu dümewiň şu çaka çenli ýüze çykan ozalky görnüşlerine meňzeş däl. 


Lukmanlar medisina edaralaryna ýüz tutýanlaryň örän köpdügini, paýtagtyň keselhanalarynyň, şol sanda ýokanç keselleri hassahanasynda boş ýeriň ýokdugyny belleýärler.      


"Aşgabadyň ýokanç keseller hassahanasy näsaglardan hyryn-dykyn. Ýogsa-da hassalaryň köpüsi öýlerinde bejergi almagy saýlap alýarlar" diýip, aşgabatly lukman aýdýar.


Azatlyk Radiosy paýtagtyň keselhanalaryndan we Saglyk ministrliginden resmi maglumat alyp bilmedi. Saglyk ministrliginiň websaýtynda hem dümew keseliniň ýaýramagy barada maglumat ýok. Umuman keselçilik derejesine degişli maglumat we san görkezilmeýär. 


Anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan lukmanlar häzirki dümewiň aýratynlygy barada düşündiriş berip, adama başda wirusyň ýokaşýandygyny, soňra gowşan bedene infeksiýanyň ýaýraýandygyny aýdýar.


"Käbir lukmanlar munuň koronawirus bolmagyny çaklaýarlar, emma analiz alynmaýar. Gartaşan adamlaryň we çagalaryň arasynda kesellänler köp" diýip, lukman aýdýar.


Paýtagtdaky habarçynyň sözlerine görä, häzirki wagtda maska dakynýan köp.               


Şu wagtda Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde çagalar arasynda dümew köpeldi.


"Dermanhanalarda nobatlardan ýaňa girer ýaly däl. Wirusa garşy dermanlar, antibiotik dermanlar gytaldy. Lukmanlar diňe immunitet galdyryjy antiwirus dermanlary maslahat berýärler" diýip, habarçymyz günbatar welaýatyndaky ýagdaýy suratlandyrdy. 


Balkanly lukmanlaryň Azatlyga gürrüň bermegine görä, medisina kömegini sorap, ýüz tutýan hassalarda üsgülewük, ýokary beden gyzgyny, kelle agyry ysgynsyzlyk, burnuň dykylmagy ýaly simptomlar bar.


Lukmanlar hassalaryň käbirinde pnewmoniýa öýken çişmesine mahsus simptomlaryň hem bardygyny belleýärler.




"Hassahanalarda diňe pully kömek berilýär, ýöne adamlar öýlerinde bejergi alýarlar. Lukmanlara 100 manat jübüsine dykyp, diňe gerek dermanlary ýazdyryp alyp, öýünde bejergi almak näsaglara amatly bolýar" diýip, balkanabatly çeşme gürrüň berdi.  


Hassahanalarda 1 gün üçin tölegiň ortaça bahasy 150 manat (Merkezi Bankyň kursy boýunça 43 amerikan dollaryna golaý). Habarçynyň sözlerine görä, bu nyrh ilat köpçüligine elýeterli däl.


Geçen hepdede Türkmenabatda jemgyýetçilik ýerlerinde maska dakynmak talap edilip başlandy. Lebaply lukmanlar bu talap dümew keseliniň ýaýramagy bilen bagly diýip düşündirdiler.


Ýurtda dem alyş ýollarynyň hassalygynyň birden ýaýbaňlanmagy geçen ýylyň tomus aýlaryna we güýzünde ýüze çykypdy. Häzirki we öňki ýagdaýlar saglyk wekilleri tarapyndan resmi derejede agzalmady. 


Koronawirusyň öz giňişliginde bolmandygyny öňe süren ýeke-täk ýurt bolan Türkmenistan aeroportda COVID-19 testi üçin töleg almagyny dowam etdirýär.   




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net