Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Январь
2025
1
2 3
4
5 6 7 8 9 10
11
12
13 14 15 16 17
18
19
20 21 22 23 24 25
26
27 28 29 30 31

Türkmenistan ÝB bilen hyzmatdaşlygyny ösdürer

0
Daşary işler ministri Raşied Meredow  hökümetiň 18-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.


Ýewropa Bileleşigi hem-de oňa agza ýurtlar bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, bu gatnaşyklaryň çäklerinde anyk çäreler görülýär diýip, wise-premýer aýtdy.


Ol prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel bilen 2023-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda geçiren duşuşygyny, 2024-nji ýylda Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinasyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Boumanyň, halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýutta Urpilaýneniň Aşgabada eden saparlaryny mysal getirdi.


2024-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýetiniň Brýussele sapary boldy. Onuň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň ýokary wezipeli wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi hem-de ÝB we oňa agza döwletler bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga Teswirnama gol çekildi.


“Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatynda giň möçberli hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar, şol sanda dürli derejede duşuşyklar, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça forumlar guralýar. ...bu formatyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 2023-nji ýylyň oktýabrynda Lýuksemburgda geçirilen nobatdaky duşuşygynda sebitara gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki “Ýol kartasy” kabul edildi” diýip, Meredow aýtdy.


Onuň sözlerine görä, şu ýylyň aprel aýynyň birinji ongünlüginde Aşgabatda Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň zenan ýolbaşçylarynyň forumyny geçirmek teklip edilýär.


ÝB bilen bilelikde ikitaraplaýyn we sebit derejesinde dürli ulgamlarda birnäçe taslamalardyr maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, Ýewropa Komissiýasynyň “Horizon Europe”, “Marie Sklodowska-Curie Actions” maksatnamalary, Ýewropa Gözleg geňeşi bilen gatnaşyklar ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Şoňa görä, Türkmenistanyň Bilim ministrligine we Ylymlar akademiýasyna olardan netijeli peýdalanmak boýunça degişli işleri geçirmek teklip edilýär.


Prezident Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn, hususan-da, “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatynda ösdürilýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça beýan edilen teklipleri goldady diýip, habarda aýdylýar.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net