Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Январь
2025
1
2 3
4
5 6 7 8 9 10
11
12
13 14 15 16 17
18
19
20 21 22 23 24 25
26
27 28 29 30 31

Türkmengalalylar köprüleriň aşagyndaky galyň turbalaryň satlyga hödürlenmeginden alada edýär

0
Marynyň Türkmengala etrap häkimliginiň işgärleriniň geňeşliklerdäki köprüleriň aşagyndaky galyň turbalary demir söwdasyny edýän telekeçilere satlyga hödürlemegi bilen bagly hadysalar ýygjamlaşdy diýip, ýerli ýaşaýjylar we demir söwdasyny edýän raýatlar aýdýarlar.


Olar Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysyna beren maglumatynda bu ýagdaýlara alada bildirip, häkimiýetleri bu barada habarly etmäge çalyşýandyklaryny belleýärler we olardan bularyň öňüni almagy soraýarlar.


“Soňky hepdelerde häkimlik işgärleriniň käbirleri geňeşliklerdäki köprüleriň aşagynda berklik üçin goýlan galyň demir turbalary surata düşürýärler. Olar bu suratlary gurluşyk harytlaryny satýan ýa-da demirleri böleklere bölüp satýan telekeçilere görkezip, döwletiň emlägini satmaga çalyşýarlar” diýip, ýerli telekeçi anonimlik şertinde aýtdy.


Bu ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolan telekeçileriň ençemesiniň tassyklamagyna görä, häkimlik işgärleri köprüleriň berkligini üpjün etmek üçin goýlan turbalary näme sebäpden satmak isleýändiklerini düşündirmeýärler.




Azatlygyň bu barada Mary welaýat häkimliginiň websaýtynda görkezilen telefon belgilerine jaň edip, Türkmengala etrap häkimliginden teswir almak synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.


Ýaşaýjylaryň we telekeçileriň ençemesi bu köprüleriň köpüsiniň aşagyndaky galyň demir turbalaryň soňky onýyllygyň dowamynda täzelenendigine we abatlanmaga mätäç däldigine ünsi çekip, bularyň töweregindäki ýagdaýlara alada bildirýär.


Olar munuň sebäbini mundan ozal häkimlik işgärleriniň etrabyň birnäçe orta mekdebindäki, çagalar baglaryndaky we beýleki edaralaryndaky suw boçkalaryny, hatda betonlaryny döwüp, olary demir we beton söwdagärlerine satandygy bilen düşündirýärler.


“Köprüleriň aşagyndaky demir turbalary hem alyp satsalar, deregine hem zat goýmasalar, onda olaryň üstünden agyr ýük ulaglary geçen güni agramyna çydaman, köprüler çöker ýa-da döwlüp, ençeme ýyllap bejerilmez” diýip, ýagdaýlardan habarly etrap ýaşaýjysy belleýär.


Ýaşaýjylar welaýat merkezindäki we Aşgabatdaky häkimiýetler bu ýagdaýlar barada öňünden eşitseler, onda olaryň bularyň öňüni aljakdygyna ynanýarlar.


“Adamlar özara gürrüňlerinde häkimlik işgärleri tehnika getirip, düşelen turbalary köwläp, sökmäge çalyşsa, surata we wideo düşürip, delil hökmünde häkimiýetlere iberjekdiklerini aýdýarlar” diýip, etrabyň ýene bir ýaşaýjysy anonimlik şertinde aýtdy.


Türkmenistanda häkimiýet wekilleriniň käbir desgalardaky gurluşyk materiallaryny söküp satmagy barada Azatlyga mundan ozal hem maglumatlar gelip gowşupdy. Habarçylarymyz ýerasty turbalaryň üstünden gurlan lýuklaryň gapaklarynyň demir bölekläp satýan telekeçilere bikanun satylmagy barada hem habar beripdiler.


Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanýan Türkmenistanyň häkimiýetleri we media serişdeleri bu ýagdaýlar barada aç-açan mesele gozgamaýar.


 


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net