Eýran iki žurnalisti uzak möhletli türme tussaglygyna höküm etdi
Döwletiň eýeçiligindäki IRNA habar gullugynyň maglumatyna görä, 31 ýaşly Nilufar Hamedi ýedi ýyl, 36 ýaşly Elahah Mohammadi hem alty ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdir. Maglumatda olaryň “duşmançylykly ABŞ-nyň hökümeti bilen hyzmatdaşlyk etmekde” günäli tapylandygy aýdylýar.
Mundan başga-da, olara “milli bähbitlere garşy hereket etmekde” diýen aýyplama bilen, goşmaça bäş ýyl türme tussaglygy berildi. Galyberse-de, žurnalistleriň her birine “dolandyryşa garşy propoganda etmekde” diýilýän aýyplama esasynda ýene-de bir ýyl goşmaça tussaglyk berildi.
Žurnalistleriň aklawçylary müşderileriniň bu aýyplamalary ret edendiklerini mälim etdiler.
Aminiň başyny düzüwli örtmezlikde aýyplanyp “ahlak polisiýasy” diýilýäniniň tussaglygynda ýogalmagy netijesinde, ýurtda ençeme aýlap köpçülikleýin protestler geçirildi.
