Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Октябрь
2023
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28
29
30 31

Owganystanda bolup geçýän ýertitremeleri Serhetabatda we Tagtabazarda hem güýçli duýulýar

0
Owganystanyň Herat welaýatynda 15-nji oktýabrda bir hepdäniň içinde üçünji gezek iri ýertitremesi boldy. Bu sarsgynlar Türkmenistanyň günorta-gündogar sebitlerinde, şol sanda Serhetabat we Tagtabazar etraplarynda ýiti duýulýar.


Birleşen Ştatlaryň Geologiýa gözleg gullugyna görä, 15-nji oktýabrda Owganystanyň Herat welaýatynyň Herat şäheriniň golaýynda 6,3 bal ululygynda ýertitremesi boldy. Sebitde bir günüň dowamynda 5,4 magnitýudly beýleki bir ýer sarsgyny hem hasaba alyndy.


Soňky sarsgynlarda azyndan bir adam öldi, 150 adam ýaralandy. Biraz öň, Herat welaýatynda 7-nji oktýabrda we 11-nji oktýabrda 6,3 bal ululygynda yzly-yzyna iki sany iri ýertitremesi boldy. Sebitde başga-da ululy-kiçili ýer yranmalary hasaba alynýar.


Ýerli ýaşaýjylar ýer sarsgynlarynyň gaýtalanmagy bilen bagly gorkularyň arasynda sebiti terk etmäge synanyşýandyklaryny aýdýarlar.




“Owganystanyň Herat welaýatynda bir hepdeden bäri üç gezek ýertitremesi boldy. Ýer tapgyr-tapgyr yranýar, tapgyr-tapgyr yranmalar 10-dan hem aşandyr, ýöne güýçli ýertitremeleri bir hepdäniň içinde üç gezek bolup geçdi. Şonuň üçin hem, ýer sarsgynlarynyň yzygiderli gaýtalanyp durýandygy sebäpli, Herat welaýatynyň ençeme ýaşaýjylary, goňşy sebitlere göçüp başlady” diýip, owganystanly ýaşaýjy Latif Türkmen 16-nji oktýabrda Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.


“Talyban” resmileri 7-nji oktýabrda bolup geçen ýertitremesinde, ilkibaşda, azyndan 2 müň çemesi adamyň heläk bolandygyny aýtdy, soňra, 11-nji oktýabrda adam ýitgilerini 1000-e düşürdi.


15-nji oktýabrda Herat welaýatynda bolup geçen sarsgynlar Herat welaýaty bilen serhetleşýän sebitlerde hem duýulýar. Munuň bilen baglylykda, Herat welaýatynyň günbatar goňşusy Eýranyň Horasan Razawi welaýatynda mekdepler ýapyldy.


Azatlyk Radiosynyň habarçylary Herat welaýaty bilen serhetleşýän Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Serhetabat we Tagtabazar etraplarynda hem ýer sarsgynlarynyň güýçli duýulýandygyny habar berýärler.


“Hususan-da, Tagtabazar we Serhetabat etraplarynda ýertitremeleri güýçli duýulýar. Etraplaryň ýaşaýjylary gijelerine öýlerine girip ýatmakdan gorkýarlar” diýip, bir sebit ýaşaýjylary Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdiler.


Şol bir wagtda, dowamly yrgyldylardan ejir çekýän ýerli ýaşaýjylaryň arasynda Marynyň welaýat merkezine golaý sebitlere wagtlaýyn göçýän adamlar hem bar.


Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan sebit ýaşaýjylary ýer sarsgynlaryny güýçli duýandyklaryny aýdýarlar.


“Öýden nädip ylgap çykanymyzy bilemizok. Aýaklarymyz ýalaňaç, daşarda garaşdyk” diýip, bir etrap ýaşaýjysy aýdýar.


“Çagalarymyzy mekdebe ibermekden gorkýarys” diýip, beýleki bir ýaşaýjy gürrüň berýär.




Türkmenistanyň hökümeti we Mary welaýatynyň sebit häkimiýetleri sebitdäki ýer yrgyldylary barada beýanat bermeýär.


Döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, şol sanda elektron neşirler Türkmenistanyň Owganystan bilen serhet ýakada ýerleşýän sebitlerinde bolup geçýän ýer yranmalary barada habar bermeýärler.


“Eýýäm bir hepde bäri rahatlyk ýok” diýip, sebit ýaşaýjylary aýdýar.


Azatlygyň söhbetdeşleri ýer yranmalarynda Türkmenistanyň günorta-gündogar sebitlerinde käbir jaýlardaky penjireleriň aýnalarynyň döwlendigini aýdýarlar.


Şeýle-de, serhet ýaka sebitlerde soňky bir hepde bäri gaýtalanýan sarsgynlaryň arasynda köp sanly ýaşaýjylar sadaka paýlaýar.


Bu aralykda, Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligine görä, 13-nji oktýabrda Arkadag şäherinde hem sadaka berildi. Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna girişilmegine, 1948-nji ýylda bolup geçen Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryna hem-de ýakynda Owganystanda bolup geçen ýertitremeleriň pidalaryna bagyşlanan sadaka çäresine Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşypdyr.


Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Serhetabat etraby Owganystanyň Herat welaýatynyň Herat şäherinden 120 km çemesi demirgazykda ýerleşýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net