Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Июль
2023

Maryda saglyk ýagdaýy çäkli çagalaryny mekdebe ýerleşdirjek ene-atalardan $500-e çenli 'para soralýar'

0
Türkmenistanda täze okuw ýylynyň başlanmagyna bir aýdan gowrak wagt galanda, maryly ene-atalar özleriniň kör, ker ýa-da lal çagalaryny Baýramaly etrabynda ýerleşýän ýurduň Körler we kerler jemgyýetiniň mekdebine we çagalar bagyna ýerleşdirmekde kynçylyk çekýärler. Ene-atalaryň ençemesi munuň üçin özlerinden $200-$500 aralygynda para talap edilýändigini aýdýar.


“Hökümet tarapyndan býujetiň hasabyna ýöredilýän bu internat hem, gynansak-da, beýleki mekdepler ýaly parahorluga uçran. Ozal hem ýaşaýyşdan utulan çagalarymyzy bu mekdebe okuwa ýerleşdirmek üçin welaýat bilim müdirliginden ýa-da etrap bilim bölüminden tanyş adam tapmaly bolýarys. Bu adamlar we araçylar 500 dollara çenli para soraýarlar” diýip, maryly ene habarçymyza gürrüň berdi.


Ene-atalaryň aýtmagyna görä, çykdajy munuň bilen hem çäklenmeýär. Mekdebe ýerleşmek isleýän çagalar ýörite "medkomissiýadan" geçirilýär.




“Çaganyň şol komissiýadan geçip, mekdebe kabul edilmegi üçin-de azyndan 1000 manat çykdajy etmeli. Bu serişdeleri berip bilmedik ene-atalara ‘ýer ýok’ diýen jogap berilýär we olardan garaşmak talap edilýär” diýip, maryly ene belledi.


Azatlyk bu aýdylanlar barada gürrüňi edilýän mekdepden we onuň çagalar bagyndan, şeýle-de welaýat bilim bölüminden kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 24-nji iýulda telefon arkaly eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.


Ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, habarçymyzyň sözlerine görä, soralýan parany berip bilmeýän we saglyk ýagdaýy çäkli çagalaryny mekdebe ýa çagalar bagyna ýerleşdirip bilmeýän ene-atalaryň sany sanardan köp. Olar çagalarynyň gelejekde mätäçlikde galmagyndan alada edýärler.


“Käbir ene-atalar bolsa, çagalaryny mekdebe ýerleşdirmek üçin bergä girmäge razy bolýarlar. Özüm hem şolaryň biri bolup, şu wagt çagamyň aladasyny etmesek, soňra durmuşda kyn bolar. Biz ene-ata ömürlik däl. Şonuň üçin ol biziň ýok wagtymyzda durmuşda ýaşamaga az-kem taýyn bolmaly” diýip, baýramalyly bir ene gürrüň berdi.


Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda kör, ker ýa-da lal çagalaryň sany baradaky statistikany aç-açan mälim etmeýärler.


Ýöne geçen ýylyň sentýabrynda “Turkmen News” neşiri Türkmenistanyň BMG-niň aýal-gyzlara garşy kemsitmeleri ýok etmek baradaky komitetine iberen altynjy döwürleýin hasabatyna salgylanyp, 2018-2022-nji ýyllarda Türkmenistanda 18 ýaşa çenli aralykdaky maýyp çagalaryň sanynyň 22,4 göterim artandygyny habar berdi.


 




Şeýle-de, ýurtda maýyp çagalar üçin niýetlenen mekdep-internatlarynyň we çagalar baglarynyň sany baradaky maglumatlar hem aç-açan äşgär edilmeýär.


Ýöne Azatlyk bu okuw we terbiýeçilik edaralarynyň ýetmezçiligi, şeýle-de olara bilim berýän ýörite hünärmenleriň, mugallymlaryň azlyk edýändigi, ene-atalaryň çagalaryny bu mekdeplere we çagalar baglaryna ýerleşdirmek üçin para bermäge mejbur bolýandygy barada soňky ýyllarda ençeme gezek maglumat taýýarlady.


Türkmenistanyň kanunçylygy raýatlaryň durmuş goraglylygyny kepillendirýär. Ýurduň durmuş üpjünçiligine degişli döwlet ulgamy maýyplygy bolan adamlara sosial ýeňillikleri we dürli hyzmatlary bermäge borçlanýar.


Azatlygyň habarçylary ýurtda lukmanlaryň maýyplygy resmileşdirmekden ýüz öwürýändigi, şeýle-de maýyplygy tassyklatmak üçin "para bermelidigi" barada hem habar berip gelýärler.


Türkmenistan halkara guramalarynyň korrupsiýa baradaky hasabatlarynda iň ýaramaz orunlarda ýerleşdirilýär. "Transparency International” guramasynyň şu ýylyň ýanwarynda çap eden soňky indeksinde Türkmenistan dünýäde we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda iň pes baha alanlaryň biri bolup, oňa 19 bal berildi.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net