Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Май
2023

Balkanda Soňky jaň dabarasyna, Aşgabat gününe we haly baýramyna taýýarlyk görülýär

0
Türkmenistanda Aşgabat gününe we maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenýän Türkmen halysynyň gününe taýýarlyk görülýär. Uly taýýarlyk çäreleri soňky günlerde Balkan welaýatynda göze ilýär.


Çäreleriň biri Balkanabatdaky kitaphananyň öňünde, beýlekisi Awazanyň kenar ýakasyndaky Älemgoşar parkynda geçiriler diýlip planlaşdyrylýar. Bu baýramçylyklara taýýarlyklar üçin ýerli býujet işgärlerinden ýene pul toplanýar. Tabşyrylýan puluň mukdary 50 manat. Bu barada Azatlygyň ýerli habarçylary 23-nji maýda habar berdiler.


Türkmenistanda onlarça ýyl bäri bellenýän Haly baýramy maý aýynyň soňky ýekşenbe gününe gabat gelýär. Aşgabat güni bolsa, 25-nji maýda geçirilýär. Bu sene Türkmenistanda orta mekdebi tamamlaýan okuwçylar üçin soňky jaň dabarasyna hem gabat gelýär.




Şu günler Balkan welaýatynda görülýän taýýarlyklar soňky jaň dabarasyna hem degişli. 24-nji maýda Awazanyň amfiteatrynda Soňky jaň atly konsert geçiriler we oňa meşhur aýdymçylaryň gelmeginde garaşylýar.


Habarçylaryň maglumatlaryna görä, orta we orta hünär mekdepleriniň okuwçylary bu konserte bilet satyn almaga mejbur edilipdir. Agşam sagat 19-da başlanyp, 21-00 çenli dowam etjek iki sagatlyk konserte biletleriň bahasy 100 manatdan başlanýar. Bu konsert bilen bagly guramaçylyk işlerine mekdep mugallymlary we polisiýa işgärleri hem çekilýär. Olara tertip-düzgüni berjaý etmek, şol sanda okuwçylary konsertden soň guramaçylykly tertipde öýlerine alyp barmak tabşyrylypdyr.


Okuwçylara gözegçilik işleriniň pugtalandyrylmagy mekdeplerdäki soňky jaň dabaralaryna hem degişli.


"Häkimligiň bilim bölüminiň wekilleri soňky jaň dabarasy bilen bagly oturyşlyklary mekdeplerde kiçi görnüşde geçirmegi, her uçuryma gözegçiligi güýçlendirmegi buýurdylar. Soňky jaň dabaralaryny ýaşlaryň kafe-restoranlarda geçirmezligi üçin restoran hojaýynlaryna berk duýduryldy. Ene atalardan hem dilhaty alynýar" diýip, ýagdaýdan habarly çeşme adyny agzamazlyk şert bilen Azatlyga gürrüň berdi.


Mekdebi tamamlaýan ýaşlaryň adaty dabaralary we agşamky oturyşlyklary soňky ýyllarda berk çäklendirilýär. Dilden girizilýän gadagançylyklary häkimiýetler köplenç howpsuzlyga we ýaşlaryň ahlagyna degişli sebäpler bilen düşündirýärler.




Soňky jaň dabaralary we soňky agşam oturyşlyklary adatça mekdep uçurymlarynyň ene-atalary üçin uly çykdajylary göz öňünde tutýar, käbir maşgalalar birnäçe müňe ýetýän çykdajylary asla göterip bilmeýär.


Soňky ýyllarda mekdebi tamamlaýan ýaşlaryň arasynda pajygaly ýagdaýlar hem ýüze çykypdy, çärelere gatnaşyp bilmedik ýetginjekleriň arasynda öz janyna kast etmek ýaly ýagdaýlar hem bolupdy.


Balkandaky habarçy ýerli mekdeplerde soňky jaň dabarasyna girizilýän çäklendirmeler bilen baglylykda ene-atalar bilen geçirilen ýygnaklarda hem sebitde ýaşlaryň janyna kast etmegi bilen bagly ýagdaýlaryň birnäçesiniň bolandygy aýdylypdyr.


Azatlyk Radiosy bu ýagdaý dogrusynda ýerli resmilerden maglumat alyp bilmedi.


Döwlet tarapyndan soňky gije oturyşlyklaryň gadagan edilmeginiň arasynda okuwçylaryň 31-nji maýda ýa-da 1-nji iýunda bu çäreleri öz aralarynda şahsy görnüşde geçirmegi planlaşdyrýandygyny habarçymyz aýdýar.


"Birnäçe mekdebiň okuwçylary ýaşlyk edip, bir-birinden galmaýarlar. Türkmenbaşyda indi 5-6 ýyl bäri soňky jaňdan soň gyzlaryň öz halaýan synpdaşy bilen duşuşmagy moda boldy. Köp ene-atalar muny günbatar medeniýetiniň aralaşmagy diýip hasaplaýarlar we bu çäreleriň öňüni almaga synanyşýarlar. Emma döwlet we ene-atalar näçe gadagan etseler-de bu çäreleri ýatyrmagy başarmaýarlar" diýip, Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan ýerli ýaşaýjylaryň biri öz pikirini paýlaşdy.


Türkmen resmileri we döwlet mediasy döwlet tarapyndan guramalaşdyrylýan dabaralar üçin ilatan pul ýygnamak we mekdebi tamamlamak çäreleri bilen bagly girizilýän çäklendirmeler barada resmi görnüşde habar bermeýärler.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net