Si Saud şazadasy bilen telefonda gürleşip, Saud-Eýran gepleşiklerini goldaýar
Si, geçirilen gepleşikleriň netijeleri esasynda, iki tarapyň özara gatnaşyklaryny yzygiderli gowulandyrmagyna umyt edýändigini aýtdy diýip, döwlet mediasy 28-nji martda habar berdi.
Si ýakynda Ýakyn Gündogaryň iki garşydaş ýurtlary bolan Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasynda garaşylmadyk ylalaşyga getiren gepleşiklere araçylyk edip, olara diplomatik gatnaşyklaryny dikeltmeklerine kömek etdi.
