Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Февраль
2023

Maryda suw üpjünçiligi ýitileşýär, oba ýaşaýjylary suwy satyn almaly bolýar

0
Mary welaýatynda ilatyň suw üpjünçiligindäki bökdençlikleri ýitileşýär. Şäher ýerleriniň ýaşaýjylaryna günüň dowamynda bir sapar suw berilýän mahaly, oba ýaşaýjylary bu üpjünçilikden doly diýen ýaly mahrum edilýär.


"Adamlar öýlerinde näme boş gap tapsalar, olary suwdan dolduryp goýýarlar. Ýerli häkimiýet wekilleri ýaşaýjylaryň öýlerine aýlanyp, Şatlyk şäherçesine 15 gün töweregi suw berilmejekdigini duýdurypdyrlar" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy aýtdy.


Sebitiň obalarynda hojalyklara suw tas berilmeýär diýsek hem bolar. Ýaşaýjylar özleriniň suw zerurlyklaryny üpjün etmek üçin 300-400 manat töläp, suw satyn almaly bolýarlar we hojalyklaryndaky howuzlaryny suwdan doldurýarlar.




"Hemme adamyň muňa güýji ýetmeýär. Käbir oba ýaşaýjylary iki-üç goňşy bolup bileleşip, bir suw maşynyna töleýärler. Soňra olar şol maşyndaky suwy ikä-üçe bölüşýärler" diýip, habarçy aýtdy.


Şäher we oba ýaşaýjylarynyň ençemesi sebitde emele gelen suw krizisiniň näçe wagt dowam etjeginiň belli däldigini aýdyp, häzirki günde özleriniň suwy az mukdarda ulanmaga çalyşýandyklaryny hem belleýärler.


Ýurduň günorta-gündogar welaýatynda ilatyň agyz suw üpjünçiligindäki problemalar geçen hepdäniň ahyrynda ýüze çykyp başlady.


Şu hepdäniň başynda habarçylarymyz Mary şäheriniň käbir etrapçalarynyň ýaşaýjylaryna agyz suwunyň ençeme gün bäri bölekleýin berilmeýändigini habar berdiler


"Käbir adamlar etrapdyr obalardaky öýlerine ýa-da şol ýerlerdäki dogan-garyndaşlarynyň öýlerine wagtlaýyn göçdüler. Ýaşaýjylar bu ýerde beýlekiler bilen bir hatarda, hajathana zerurlyklaryny kadaly amal edip bilýärler. Şäherde suwsuz galmak gaty kyn" diýip, habarçy 30-njy ýanwarda aýdypdy.




Habarçymyz şonda etrapçalaryň bir aýlap suwsuz galmagynyň mümkindigi barada resmiler tarapyndan tassyklanmadyk maglumatlaryň bardygyny hem belläpdi.


Azatlyk sebit ilatynyň suw üpjünçiligindäki bökdençlikler we olaryň bolaýmagy mümkin sebäpleri barada ýerli suw edarasyndan maglumat almaga çalyşdy. Ýöne redaksiýanyň 1-nji fewralda ikindine çenli telefon arkaly eden synanyşyklary netijesiz boldy.


Bellesek, sebitiň suw üpjünçiligindäki bökdençlikler, Garagum we Murgap derýalarynyň suwy doňansoň, öz akymyny üýtgedip, bölekleýin çölüň içine akyp başlamagy bilen, Mary döwlet elektrik stansiýasynyň ätiýaçdaky suw saklaýjy kölden suw alyp, uly suw nasoslary arkaly emeli usulda elektrik öndürip başlan mahalyna gabat geldi.


Azatlyk bu ýagdaýlar bilen sebit ilatynyň suw üpjünçiliginde emele gelen bökdençlikleriň arasynda haýsydyr bir arabaglanyşygyň bardygyny ýa ýokdugyny häzirlikçe anyklap bilmedi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net